Her ýylyň 11-nji noýabrynda Bütindünýä origami güni bellenilip geçilýär. Hiç hili ýelim ulanmazdan, kagyzy eplemek we bir-birine geýdirmek arkaly dürli şekilleriň ýasalýan bu sungaty ýapon medeniýetine mahsusdyr. 1900-nji ýyllarda peýda bolup başlan origami geçen asyryň ortalarynda Ýaponiýada we dünýäde has meşhur bolup başlaýar. Adatça, origamiden durnanyň şekili has köp ýasalýar.