3-nji martda “Pakistanyň musulman ligasy” partiýasynyň wekili Şahbaz Şerif, Milli assambleýada geçirilen ses berişligiň netijesinde, Pakistanyň Premýer-ministri saýlandy. Parlamentiň başlygy Sardar Sadyk ses berişligiň netijelerine görä, Şerifiň aşaky palatanyň 336 wekiliniň 201 sesini alandygyny habar berdi. “Adalat üçin hereket” partiýasyndan dalaşgär Omer Aýub Han 92 sese eýe boldy.
Şahbaz Şerif Pakistan hökümetine 2022-nji ýylyň aprelinden 2023-nji ýylyň awgustyna çenli ýolbaşçylyk etdi. Ol wezipesinden çekilen “Adalat üçin hereket” partiýasynyň başlygy Imran Hanyň ýerine geçipdi.
Golaýda parlamentiň aşaky palatasy bolan Pakistanyň Milli assambleýasynyň agzalary kasam kabul etdiler. Şahbaz Şerif öňki Premýer-ministr Nawaz Şerifiň kiçi doganydyr. Indi onuň öňünde hökümet gurmak wezipesi durýar. Pakistanda parlament saýlawlary fewral aýynyň başynda geçirildi. Saýlawlaryň netijesinde hiç bir partiýa hökümet gurmak üçin zerur bolan parlamentdäki ýönekeý köplügi gazanyp bilmedi. Şoňa görä, “Pakistanyň musulman ligasy” we Pakistanyň halk partiýasy hökümet gurmak üçin tagallalaryny birleşdirmek baradaky kararlaryny mälim etdiler.