1914-nji ýylyň 15-nji awgustynda Panama kanalyndan ilkinji bolup «Ancon» amerikan gämisi geçýär. Şeýle-de bolsa, kanal resmi ýagdaýda 1920-nji ýylyň 12-nji iýunynda açylýar. Karib deňzi bilen Atlantik ummanyny birleşdirýän suw desgasynyň uzynlygy 82 kilometre ýetýär. Gämiler kanaly ortaça 9 sagatda, iň gysga 4 sagat 10 minutda geçýär. Kanaldan ýylda 14 müň gämi geçip, takmynan, 280 million tonna ýük (ummanlardaky ýükleriň 5%-i) daşalýar.