Bagtyýar döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda parahatçylyk, asudalyk höküm sürýär. Dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakda we ýurtlaryň arasynda dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etdi. Watanymyzyň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty esasynda halkymyz dünýä ýüzüniň halklaryna doganlyk goluny uzadýar.
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň hakyky dabaralanan güni boldy. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji sessiýasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» baradaky ýörite kararnama kabul edildi.
Ata Watanymyz BMG we onuň agza döwletleri tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýeke-täk Bitarap döwletdir. Bu taryhy waka BMG-niň hem taryhynda ilkinji gezek gabat gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi, 72-nji sessiýasynda 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi, 73-nji sessiýasynda bolsa 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi ata Watanymyzda alnyp barylýan ynsanperwer syýasatyň dünýäde giň meşhurlyga eýe bolýandygyny görkezýär.
«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy uly dabara bilen bellenip geçildi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk toýuna hem halkymyz giňden taýýarlyk görýär.
Bitaraplyk – munuň özi, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň parahatçylyk söýüji häsiýetiniň, goňşular bilen, has alysdakylar bilen, uly we kiçi döwletler bilen, mahlasy, dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, ylalaşykly ýaşamaga çalyşmagyň beýanydyr. Watanymyz sebitde we dünýä giňişliginde hoşniýetli tagallalary birleşdirmäge açyk ýurt hökmünde özüni äşgär etdi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýylynda Türkmenistanyň gözel paýtagty Aşgabat şäheri parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hakyky merkezine öwrüldi.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe türkmen Bitaraplygy sebitde syýasy durnuklylygy üpjün etmegiň hem-de milli bähbitleri goramagyň möhüm girewidir. Türkmenistanyň her bir raýaty üçin Bitaraplyk parahat durmuşyň kepillendirilmesidir, ertirki gününe ynamly garamakdyr. Hemişelik Bitaraplyk – hemişelik parahatçylykdyr, hemişelik rowaçlykdyr we bagtyýarlykdyr. Parahatlyk – ähli gowulyklaryň, ähli eşretleriň gözbaşydyr.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň oňyn daşary syýasat ugruna ygrarlydygyny, ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna laýyk gelýän deňhukukly, netijeli halkara hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belleýär. Ýurdumyz bu daşary syýasat ugry bilen dünýä giňişliginde ynamdar, ygrarly, özara hyzmatdaşlykda netijeli hyzmatdaş hökmünde tanaldy. Bagtyýar ýurdumyz köptaraplaýyn gepleşikleri geçirmek, sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmak, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek arkaly häzirki zamanyň wajyp wezipelerini çözmäge işjeň gatnaşýar. Bitaraplyk derejesi dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym, bilim we beýleki ugurlarda giň gatnaşyklary ýola goýmakda, hormatly Prezidentimiziň köpugurly daşary syýasy strategiýasyny amala aşyrmakda ähmiýetli orun eýeleýär. Demokratik, hukuk, dünýewi we bitarap döwlet hökmünde ykrar edilen Türkmenistan döwletara we milletara gatnaşyklarda oňyn bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, köpugurly halkara gatnaşyklaryň ähli çygrynda özüne mynasyp orny eýeleýär. Bagtyýar halkymyzyň nurana geljeginiň kepili bolan bu ösüşli ýollar dowamat dowam bolup, Garaşsyz, baky Bitarap eziz Diýarymyzyň şan-şöhraty dünýä ýaýrasyn! Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
Bahar PIRNYÝAZOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.