Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň her ýy­ly döw­rüň be­lent ru­hu­na ky­bap gel­ýän şy­gar bi­len da­ba­ra­lan­dyr­mak dä­bi­ne eýe­ri­lip, 2025-nji ýyl «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­di.
Ýy­lyň şy­ga­ryn­da­ky umu­ma­dam­zat bäh­bit­li gym­mat­lyk­lar oanuň gö­ze ge­lüw­li ny­şa­nyn­da hem aý­dyň be­ýa­ny­ny tap­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň türk­men döw­let­li­li­gi­niň go­şa ga­na­ty­na de­ňe­ýän Ga­raş­syz­lyk hem-de Bi­ta­rap­lyk ýa­ly naý­ba­şy gym­mat­lyk­lar ha­kyn­da­ky pi­kir­le­ri se­ri­ňe dol­ýar. As­ma­na sa­ry ösüp otu­ran ýa­şyl de­rek aga­jy­nyň şe­ki­li bol­sa berk­lik, uzak ömür­li­lik, ha­ýyr-sa­ha­wat­ly­lyk ýa­ly hä­si­ýet­le­ri ýat­lad­ýar. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň kök­le­ri asyr­la­ryň jüm­mü­şi­ne or­nan asyl­ly ýö­rel­ge­le­rin­den güýç al­ýan kuw­wat­ly döw­le­ti­miz hem hut de­rek aga­jy ki­min ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ym­tyl­ýar.
Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň ny­şa­ny­nyň mer­ke­zin­de ýa­şyl Tu­gu­my­zyň hem-de BMG-niň baý­da­gy­nyň şe­kil­len­di­ril­me­gi ýur­du­my­zyň ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma bi­len oňyn hyz­mat­daş­ly­ga esas­lan­ýan köp­ýyl­lyk dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryn­dan ha­bar ber­ýär. Türk­me­nis­tan Ýer ýü­zün­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, howp­suz­ly­gyň bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da, sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­lar­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň ne­ti­je­li gör­nüş­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak­da hal­ka­ra gi­ňiş­lik­dä­ki iş­jeň or­nu­ny bar­ha ber­kid­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de öz üs­tü­ne alan hal­ka­ra borç­na­ma­la­ry­na üýt­gew­siz yg­rar­ly­dy­gy­ny gör­kez­ýän Bi­ta­rap ýur­du­myz se­bi­tiň we dün­ýä­niň pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji mer­ke­zi hök­mün­de yk­rar edil­di.
Yla­laş­dy­ry­jy mer­kez bo­lup çy­kyş ed­ýän ýur­du­myz se­bit­de we dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy ber­kit­mek­de giň ge­rim­li iş­le­ri alyp bar­ýar. Türk­me­nis­tan Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­na hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry yn­san­per­wer­leş­dir­me­giň örän mö­hüm döw­ri hök­mün­de ga­ra­ýar. Mu­nuň üçin ýur­du­myz yn­san­per­wer ugur­ly dü­züm­ler bo­lan ÝUNESKO, ÝU­NI­SEF, BMG-niň Bos­gun­la­ryň işi ba­ra­da­ky Ýo­ka­ry ko­mis­sa­ry­nyň mü­dir­li­gi, Gy­zyl Haç we Gy­zyl Ýa­ry­maý jem­gy­ýet­le­ri­niň hal­ka­ra fe­de­ra­si­ýa­sy we beý­le­ki gu­ra­ma­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň ýol­la­ry­ny iş­jeň­leş­di­rip, hu­su­san-da, bos­gun­la­ryň we ra­ýat­ly­gy bol­ma­dyk adam­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny üp­jün et­mek, ene­li­gi we ça­ga­ly­gy gol­da­mak, ýaş­la­ryň hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­me­gi, ola­ryň ylym­da, dö­re­di­ji­lik­de, sport­da öz müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ula­nyp bil­mek­le­ri üçin şert­le­ri dö­ret­mek ýa­ly ugur­lar­da ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gy mak­sat edin­ýär.
Yn­san­per­wer­lik we­zi­pe­le­ri­ni üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek­de Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy di­ňe bir ýur­du­myz­da däl, eý­sem, hal­ka­ra de­re­je­de hem uly äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Şu ýy­lyň şy­ga­ryn­da orun alan «Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak» söz­le­ri hem Türk­me­nis­ta­nyň alyp bar­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de di­ňe oňyn we umu­ma­dam­zat bäh­bit­li iş­le­re da­ýan­mak bi­len, «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­on ka­nu­ny­nyň ta­lap­la­ry­ny do­ly we dog­ry ýe­ri­ne ýe­tir­ýän­di­gi­niň, şeý­le hem öz üs­tü­ne alan borç­na­ma­la­ry­na yg­rar­ly­dy­gy­nyň su­but­na­ma­sy bo­lup, ýur­du­my­zyň alyp bar­ýan oňyn Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­ly­gy sö­ýü­ji­lik, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­niň we giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­na esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ru­nyň ne­ti­je­li­di­gi­ni gör­kez­ýär. Bu sy­ýa­sa­tyň äh­lu­mu­my bäh­bit­le­re la­ýyk gel­ýän­di­gi­ni Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bitaraplyk hu­kuk ýag­da­ýy­ny Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň üýt­gew­siz gol­da­ýan­dy­gy ýe­ne-de bir ge­zek aý­dyň su­but et­di.
2025-nji ýyl hal­ka­ra de­re­je­de ýe­ne bir mö­hüm se­nä­niň bel­le­nil­ýän ýy­ly­dyr. Bu ýyl Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­na 80 ýyl dol­ýar. Bu hem dün­ýä ta­ry­hy­nyň ösü­şi­ne uly tä­sir eden wa­ka­dyr. Şu ge­çen döw­rüň do­wa­myn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy pa­ra­hat­çy­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ni ýaý­mak­da esa­sy mer­kez bo­lup, ýü­ze çyk­ýan çyl­şy­rym­ly ýag­daý­la­ryň çöz­gü­di­ni tap­mak­da her bir döw­le­tiň öz se­si bi­len çy­kyş et­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýän tä­sir­li mün­be­re öw­rül­di. BMG-niň Baş sek­re­ta­ry An­to­niu Gu­ter­riş Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz bi­len bo­lan te­le­fon söh­bet­deş­li­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek işin­de bu iri hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň mö­hüm hyz­mat­da­şy bo­lup gel­ýän­di­gi­ni bel­läp, bu ugur­da döw­le­ti­mi­ziň bi­tir­ýän iş­le­ri­ne öz ho­şal­ly­gy­ny bil­dir­di.
Ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň – Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hal­ka­ra sy­ýa­sy, dur­muş-yk­dy­sa­dy we me­de­ni gi­ňiş­li­gin­dä­ki bar­ha art­ýan hem-de eýe­le­ýän my­na­syp or­ny ýur­du­my­zyň dün­ýä döw­let­le­ri bi­len alyp bar­ýan iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ge­ri­mi­niň giň­di­gi, alyp bar­ýan oňyn ýö­rel­ge­le­ri bi­len kes­git­len­ýär. Şeý­le­lik­de, ata Wa­ta­ny­myz pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň aý­dyň ýo­lu­na düş­mek bi­len, ýur­du­myz şu be­lent mak­sa­da ta­rap ynam­ly öňe bar­ýar. Şeý­le aja­ýyp baş­lan­gyç­la­ryň göz­ba­şyn­da du­ran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun!

Baý­ram­mu­ham­met ATA­GU­LY­ÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy.