Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz­yň başlangyjy bilen 2025-nji ýy­lyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li çä­re­ler top­lu­my ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy.
Pa­ra­hat­çy­lyk türk­men hal­ky­nyň müň­ýyl­lyk­lar­dan bä­ri da­ba­ra­lan­ýan iň gym­mat­ly ýö­rel­ge­le­ri­niň bi­ri­dir. Pa­ra­hat­çy­lyk di­ňe bir asuda ýa­şa­mak däl, eý­sem, jem­gy­ýe­tiň saz­la­şy­gy­ny, bi­rek-bi­re­ge hor­ma­ty, hoş­ni­ýet­li­li­gi we ag­zy­bir­li­gi özün­de jem­le­ýän ru­hy baý­lyk hem ha­sap­la­nyp­dyr. Türk­me­niň «Pa­ra­hat­çy­lyk – iň uly baý­lyk» di­ýen pä­hi­mi dö­wür­ler geç­se-de, öz äh­mi­ýe­ti­ni ýi­tir­män, hal­kyň ýa­şa­ýyş ýö­rel­ge­si­niň esa­sy­na öw­rü­lip­dir.
Go­ja de­pe­ler, ga­dy­my ga­la­lar we çar­wa dur­mu­şy­nyň ro­wa­ýat­la­ry türk­me­niň pa­ra­hat­çy­lyk ba­ra­da­ky dü­şün­je­si­niň çuň­ňur­ly­gy­ny gör­kez­ýär. Hal­ky­my­zyň kal­byn­da­ky mä­hir, myh­man­sö­ýer­lik hem-de ýa­raş­dy­ry­jy­lyk ýö­rel­ge­le­ri ar­ka­ly türk­men top­ra­gyn­da bi­rek-bi­re­ge ynam hem jem­gy­ýet­de je­bis­lik berk or­na­şyp­dyr. Şeý­le ru­hy ýö­rel­ge­ler jem­gy­ýe­tiň ösü­şi­ni, öý-ojak­la­ryň aba­dan­çy­ly­gy­ny we ne­sil­le­riň bag­ty­ýar gel­je­gi­ni üp­jün et­me­giň mö­hüm şer­ti hök­mün­de dü­şün­di­ri­lip­dir.
Bu­ gün hem pa­ra­hat­çy­lyk türk­men döw­le­ti we jem­gy­ýe­ti üçin stra­te­gik gym­mat­lyk bo­lup dur­ýar. Şeý­dip, müň­ýyl­lyk­la­ryň sy­na­gyn­dan ge­çen bu baý pä­him hä­zir­ki döw­rüň ösü­şi­ne ýol gör­kez­ýän, ne­sil­le­ri dost­luk, asu­da­lyk we yn­san­per­wer­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­ýän be­ýik mil­li gym­mat­ly­ga öw­rül­ýär.

Gülzada AZADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.