Mä­lim bol­şy ýa­ly, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 73-nji mej­li­sin­de bu ab­raý­ly gu­ra­ma­nyň äh­li ag­za döw­let­le­ri ta­ra­pyn­dan «2021-nji ýyl – Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di. Şol ta­ry­hy Ka­rar­na­ma iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çi­ri­lip baş­lan­dy.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň öňe sü­ren hal­ka­ra baş­lan­gy­jy dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň gyz­gyn gol­da­wy­na eýe bol­dy. Se­bä­bi pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak adam­zat üçin iň ze­rur dü­şün­je bol­mak bi­len çäk­len­män, hä­zir­ki dö­wür­de dün­ýä­de bo­lup geç­ýän wa­ka­la­ryň pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýol bi­len çö­zül­me­gin­de döw­rüň mö­hüm gu­ra­ly bo­lup dur­ýar. Şeý­le hem hä­zir­ki dö­wür­de bi­ri-bi­ri bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly bo­lan bu ýö­rel­ge­ler hyz­mat­daş­ly­gyň we ösü­şiň esa­sy şer­ti bo­lup hyz­mat ed­ýär. Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­n­yş­mak ar­ka­ly dur­nuk­ly ösü­şi ga­za­nyp bol­jak­dy­gy­ny bü­tin dün­ýä yk­rar ed­ýär. Ol hem milli Liderimiziň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik tag­ly­ma­ty esa­syn­da ama­la aş­ýar.
Dün­ýä­niň yk­rar eden Lideriniň baştutanly­gynda ýur­du­myz di­ňe bir öz se­bi­tin­de hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk sy­ýa­sa­ty­ny alyp bar­mak bi­len çäk­len­män, äh­li gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän döw­let­ler bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny alyp bar­ýar. Onuň esa­syn­da sy­ýa­sy gat­na­şyk­lar bi­len bir ha­tar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy ugur­lar­da hem oňyn ne­ti­je­li gat­na­şyk­lar ýo­la go­ýul­ýar. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň gel­jek­de alyp bar­jak hal­ka­ra işi­niň üs­tün­lik­le­re bes­len­me­gi­niň bin­ýa­dy bo­lup dur­ýar.
Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ka­bul eden bu Ka­rar­na­ma­syn­da: «Pa­ra­hat­çy­lyk di­ňe bir gap­ma-gar­şy­lyk­la­ryň bol­maz­ly­gy däl-de, köp ta­ra­pyň gat­naş­ma­gy­na esas­lan­ýan oňyn, ok­gun­ly ösüş­dir, on­da ne­ti­je­li gep­le­şik­ler gol­da­nyl­ýar» diý­lip bel­le­nil­ýär. Ol hem pa­ra­hat­çy­ly­gyň hem-de yna­nyş­ma­gyň hä­zir­ki wagt­da adam­za­da iň­ňän ze­rur bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.
Go­laý­da paý­tag­ty­myz­da hormatly Prezidentimiziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň de­giş­li Ka­rar­na­ma­sy bi­len yg­lan edi­len Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň baş­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li da­ba­ra­ly çä­re ge­çi­ril­di. Da­ba­ra­da wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly BMG-niň, beý­le­ki ab­raý­ly se­bit hem-de hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry bol­dy. BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 75-nji mej­li­si­niň Baş­ly­gy Wol­kan Boz­ky­ryň we beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry milli Liderimizi hal­ka­ra äh­mi­ýet­li baş­lan­gy­jy bi­len mü­bä­rek­le­di­ler. Hu­su­san-da, Wol­kan Boz­ky­ryň hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki ýag­daý­lar nuk­daý­na­za­ryn­dan pa­ra­hat­çy­ly­ga we öza­ra yna­nyş­ma­ga bo­lan ze­rur­ly­gyň ozal­ky­lar­dan has köp du­ýul­ýan­dy­gy­ny bel­läp geç­me­gi, milli Liderimiziň döw­rüň hem-de dün­ýä­niň esa­sy me­se­le­le­ri­ne bo­lan ga­raý­şy­na hem-de ola­ryň pa­ra­hat­çy­lykly ýol bi­len çö­zül­me­gi­ne goş­ýan sal­dam­ly hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha be­ril­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.
Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­lyk etmek ýur­du­my­za öz Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­ni se­bit­de dur­nuk­ly­ly­gyň we howp­suz­ly­gyň mö­hüm şer­ti hök­mün­de ama­la aşyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. 2021-nji ýy­ly Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly di­ýip yg­lan et­mek ba­ra­da Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi bol­sa, bu ugur­da bi­ziň ýur­du­my­zyň tej­ri­be­si­ni has giň­den ýaý­rat­mak üçin peý­da­ly di­ýip yk­rar edil­me­gi­niň ýe­ne bir tas­syk­na­ma­sy­dyr.
Türk­me­nis­tan bi­len BMG-niň ara­syn­da­ky stra­te­gik äh­mi­ýe­te eýe bo­lan gat­na­şyk­lar köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ke­ma­la gel­me­gi­ne şert dö­red­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň suw ýa-da ener­ge­ti­ka me­se­le­le­ri, ulag ul­ga­my we beý­le­ki ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gyň hal­ka­ra sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­li gu­ral­la­ry­ny ke­ma­la ge­tir­mek ug­run­da öňe sür­ýän hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry ýo­ka­ry ba­ha my­na­syp bol­ýar.
Ow­ga­nys­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýol bi­len dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan tä­ze­den di­kel­dil­me­gi­ne he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň goş­ýan go­şan­dy hem hä­zir­ki döw­rüň der­wa­ýys ýö­rel­ge­le­ri­niň iş ýü­zün­de ama­la aş­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr. Ow­ga­nys­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Aki­na-And­hoý be­ket­le­ri­niň ara­syn­da 30 ki­lo­metr­lik de­mir ýo­luň, Ker­ki (Türk­me­nis­tan)-Şi­bir­gan (Ow­ga­nys­tan) ug­ry bo­ýun­ça güý­jen­me­si 500 ki­lo­wolt bo­lan 153 ki­lo­metr­lik elekt­rik ge­çi­ri­ji ul­ga­myň, şeý­le hem iki goň­şy ýur­duň ara­syn­da Ymam­na­zar-Aki­na we Ser­he­ta­bat-Tur­gun­dy hal­ka­ra op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­ga­my­nyň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len da­ba­ra­lar mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr.
Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­ly­gy­nyň hor­ma­ty­na gu­ral­ýan çä­re­ler bi­len bi­le­lik­de Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň çä­re­le­ri­niň ut­gaş­ma­gy Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň has-da be­len­de gal­ma­gy­na oňyn go­şan­dy­ny go­şar.

Mäh­ri BER­KE­LI­ÝE­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.