14-nji iýulda Nýu-Ýorkda geçirilen «Sotheby’s» auksionynda «Gus» lakamly ägirt uly reks tirannozawrynyň skeleti rekord bahadan – 50,1 million amerikan dollaryna satyldy. Bu söwdalaşyk taryhda dinozawr galyndylary üçin tölenen iň ýokary baha hökmünde hasaba alyndy.
Auksion öýüniň hünärmenleriniň maglumatlaryna görä, takmynan, 67 million ýyl ozal, giçki mel döwründe ýaşap geçen bu tirannozawryň galyndylary ABŞ-nyň Günorta Dakota ştatyndaky Hell-Krik geologik gatlagyndan tapyldy. Boýy 3,8 metre, uzynlygy bolsa, takmynan, 11,5 metre ýetýän bu gymmatlyk 183 sany dürli süňkden we tehniki hasaba girmeýän onlarça seýrek gapyrgalardan ybarat. Taraplaryň tassyklamagyna görä, «Gus» şu wagta çenli tapylan iň uly we bütewiligini has abat saklap galan tirannozawr skeletleriniň biri bolup, ol auksiona doly gurnalan we sergide görkezmäge taýýar görnüşde çykaryldy.
Aslynda, guralan söwdalaşygyň öňüsyrasynda auksion öýi tarapyndan bu tapyndynyň bahasy 20-30 million dollar aralygynda çaklanypdy. Emma jemi ýedi sany satyn alyjynyň gatnaşmagynda geçen bäsleşigiň netijesinde, auksion başlanandan bary-ýogy 10 minutyň dowamynda onuň bahasy rekord derejä ýetdi. Mundan ozalky rekord baha mundan edil iki ýyl ozal hasaba alnypdy. Şonda «Sotheby’s» auksion öýi tarapyndan «Apeks» lakamly stegozawr skeleti, takmynan, 45 million dollara satylypdy.
PDF









