“Mançester Ýunaýted” Andreý Santosdan soň ýene bir ýarymgoragçy bilen düzümini güýçlendirdi. Dünýä Kubogynda şowly oýun geçiren belgiýaly Ýuri Tilemans mundan soň karýerasyny “Mançester Ýunaýtedde” dowam etdirer. 29 ýaşyndaky futbolçynyň transferi üçin “Mançester Ýunaýted” topary 35 million funt sterlingi “Aston Willa” toparyna berer. Tilemans täze kluby bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşyp, ol 18-nji belgili köýnekçäni geýer.
Karýerasyna “Anderlehtde” başlan Ýuri Tilemans “Monako”, “Lester Siti” klublarynda oýnap, ol “Aston Willada” 3 möwsüm çykyş etdi. Tilemans şu wagta çenli klublarda 578 oýunda 79 goly derwezä girizdi. Onuň Belgiýanyň milli ýygyndysynda-da 90 oýunda 15 goly bar.
PDF









