2024-nji ýyl hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ry­nyň dü­züm­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge, döw­let mak­sat­na­ma­la­ryn­da kes­git­le­nen we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len top­lum­la­ýyn öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ýyl­la­ryň­ bi­ri bol­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, 2025-nji ýy­lyň «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­me­gi Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň dün­ýä bi­le­le­şi­gi­niň umu­my yk­rar edi­len ýö­rel­ge­le­ri bi­len saz­la­şyk­ly ut­gaş­ýan­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek tas­syk­la­dy. Res­mi­na­ma­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de öz­gert­me­le­riň we ösüş­le­riň ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan ata Wa­ta­ny­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy döw­let­le­riň hem-de halk­la­ryň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek, ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny has-da gi­ňelt­mek üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.
«Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ru­nyň 2022 – 2028-nji ýyl­lar üçin Kon­sep­si­ýa­syn­da» pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýö­rel­ge­le­ri­niň da­şa­ry sy­ýa­sat­da dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň ýol­la­ry anyk kes­git­le­nen. Pa­ra­hat­çy­ly­gy üp­jün edi­ji mer­kez hök­mün­de yk­rar edi­len Türk­me­nis­tan se­bit hem-de hal­ka­ra äh­mi­ýet­li mö­hüm me­se­le­le­ri çöz­mek­de iş­jeň orun eýe­le­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­my­zyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň we beý­le­ki hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry­dyr tek­lip­le­ri pa­ra­hat­çy­ly­gy hem-de howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny iş ýü­zün­de ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça köp­ta­rap­la­ýyn ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek üçin berk esa­sa öw­rül­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­my­zy yzy­gi­der­li do­wam et­dir­ýä­ris. Ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan pa­ra­hat­çy­lyk, howp­suz­lyk we dur­nuk­ly ösüş bo­ýun­ça mö­hüm Ka­rar­na­ma­la­ryň uly top­lu­my­nyň ka­bul edil­me­gi dün­ýä­de hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge ýar­dam ber­ýär, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň at-ab­ra­ýy­ny has-da pug­ta­lan­dyr­ýar» di­ýip bel­leý­şi ýa­ly, ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri hil taý­dan baý­laş­dy­ryl­ýar we çuň maz­mun­ly sy­ýa­sa­ta öw­rül­ýär. Bu bol­sa, de­mok­ra­tik, hu­kuk, dün­ýe­wi, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra at-ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gö­ter­ýär.
Tä­ze ta­ry­hy döw­rü­miz­de Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ta­gal­la­la­ry bi­len ata Wa­ta­ny­myz­da pa­ra­hat­çy­lyk tag­ly­ma­ty­nyň ýö­rel­ge­le­ri has-da da­ba­ra­lan­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len il­kin­ji Bi­ta­rap döw­let bol­ma­gy di­ňe bir se­bit­de däl, eý­sem, bü­tin dün­ýä­de ta­ry­hy ze­rur­lyk bo­lup or­ta çyk­dy.
BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­sy­nyň 63-nji ple­nar mej­li­sin­de «2025-nji ýyl – Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi bol­sa ýur­du­my­zyň Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­nyň se­bit­de, bü­tin dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mek ba­bat­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­di­gin­den ha­bar ber­ýär.
Türk­me­nis­tan hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­mek bi­len, ola­ryň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­me­gi­ni ile­ri tut­ýar. Ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek, yzy­gi­der­li bi­le­lik­dä­ki işe da­ýan­mak Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň kes­git­leý­ji şer­ti, fi­lo­so­fi­ýa­sy bo­lup dur­ýar. Hu­su­san-da, ýur­du­myz döw­le­ta­ra gat­na­şyk­lar­da we dip­lo­ma­ti­ýa­da «Dia­log – pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li» ýö­rel­ge­si­ni iler­led­ýär. Çün­ki öza­ra hor­mat goý­mak, deň­hu­kuk­ly­lyk ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ra ukyp­ly we taý­ýar bol­mak hä­zir­ki gün­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­me­giň esa­sy şert­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar.
«Ösüş ar­ka­ly pa­ra­hat­çy­lyk», «Dia­log – pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li» ýa­ly ýur­du­my­zyň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­dä­ki tä­ze baş­lan­gyç­la­ry türk­men hal­ky­nyň mil­li ta­ry­hy tej­ri­be­sin­den, şol san­da Mag­tym­gu­ly­nyň ýa­şa­ýyş fi­lo­so­fi­ýa­syn­dan göz­baş al­ýar. Bu baş­lan­gyç­lar we ýö­rel­ge­ler, hormatly Prezidentimiziň aý­dy­şy ýa­ly, şu gü­nüň ra­hat­ly­gy­ny, gel­je­giň aý­dyň­ly­gy­ny ga­zan­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.

Oraz­gül ŞY­HY­ÝE­WA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.