Ýur­du­my­zyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň be­lent mün­be­rin­den hem-de beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň meý­dan­ça­la­ryn­da öňe sür­ýän pa­ra­hat­çy­lyk tag­ly­ma­ty dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­ginde uly goldaw tapýar. Adam­zat dur­mu­şyn­da pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak wa­jyp or­na eýe bo­lup, ýa­şaý­şyň baş gi­re­wi­dir.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Prezidentimiziň türk­men, iň­lis we rus dil­le­rin­de çap edi­len, 9 bö­lüm­den yba­rat «Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň aý­dyň ýo­ly» at­ly ese­ri di­ňe bir türk­men hal­ky üçin däl, da­şa­ry ýurt­ly oky­jy­lar üçin hem äh­lu­mu­my gym­mat­ly­gy go­ra­ma­gyň hem-de ber­kit­me­giň aý­dyň ýo­lu­ny sal­gy ber­ýän eser­le­riň bi­ri­dir. Hal­ky­myz mil­li Li­de­ri­mi­ziň we hormatly Prezidentimiziň da­şy­na mä­käm je­bis­le­şip, «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan – be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly­na tu­ruw­baş­dan uly ru­hu­be­lent­lik bi­len ynam­ly ga­dam bas­dy. Bu ýyl biz mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 35 ýyl­ly­gy­ny giň­den baý­ram ede­ris. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­myz­da düýp­li gur­lu­şyk­lar ýaý­baň­lan­dy­ry­lyp, be­ýik öz­gert­me­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Il-ýurt bäh­bit­li öz­gert­me­ler de­giş­li döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­nyň esa­syn­da yzy­gi­der­li do­wam et­di­ril­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz «Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň aý­dyň ýo­ly» at­ly yl­my-fi­lo­so­fik ese­rin­de: «Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň «Gur­ýan döw­let gurp­lu­dyr», «Gur­mak – gurp­lu­lyk­dan» di­ýen pä­him­le­ri­ni biz bu gün iş ýü­zün­de su­but ed­ýä­ris» di­ýip jaý­dar bel­le­mek bi­len, mil­li gur­lu­şyk pu­da­gy­my­zy dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni, bu ugur­da ýur­du­myz­da halk bäh­bit­li, umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li iri tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­ta­ýar.
«Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ru­nyň 2022 – 2028-nji ýyl­lar üçin Kon­sep­si­ýa­syn­da» pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýö­rel­ge­le­ri­niň da­şa­ry sy­ýa­sat­da dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň ýol­la­ry anyk kes­git­le­nen. Pa­ra­hat­çy­ly­gy üp­jün edi­ji mer­kez hök­mün­de yk­rar edi­len Türk­me­nis­tan se­bit hem-de hal­ka­ra äh­mi­ýet­li mö­hüm me­se­le­le­ri çöz­mek­de iş­jeň orun eýe­le­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­my­zyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň we beý­le­ki hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry­dyr tek­lip­le­ri pa­ra­hat­çy­ly­gy hem-de howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny iş ýü­zün­de ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça köp­ta­rap­la­ýyn ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek üçin berk esa­sa öw­rül­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen şy­ga­ry­nyň maz­mu­ny pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak, ag­zy­bir­lik, bi­te­wü­lik ýa­ly dü­şün­je­le­riň je­mi­ni eme­le ge­tir­ýär. Bu şy­gar­da hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na, ýur­du­my­zyň kuw­wa­ty­nyň has-da art­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len ça­gy­ryş bar. Alym Ar­ka­da­gy­my­zyň jaý­dar bel­leý­şi ýa­ly, döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýol bi­len ber­kit­mek hal­ky­my­zyň oguz za­ma­nyn­dan bä­ri yg­rar­ly ýö­rel­ge­si­dir. Şol ýö­rel­ge hä­zir­ki wagt­da döw­re­bap maz­mu­nyn­da Ga­raş­syz türk­men döw­le­ti­niň hal­ka­ra gat­na­şyk­lar­da­ky üs­tün­lik­le­rin­de wa­jyp or­ny eýe­le­ýär. Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak dür­li jem­gy­ýet­çi­lik gat­na­şyk­la­ry­nyň maz­mu­nyn­da mö­hüm orun alan gym­mat­lyk­lar bo­lup, ola­ry ile­ri tut­mak örän äh­mi­ýet­li­dir.

Jamal MANAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.