“AirCar” atly ulag sagatda 160 kilometr ýoly geçip, 2500 metrdenem ýokary belentlige ýetip bilýär. Bu ulaga Slowakiýanyň ulag edarasy tarapyndan laýyklyk sertifikaty berildi. Gibrid awtoulag uçary bolan “AirCar” BMW hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylypdyr. Adaty benzin bilen işleýän ulagyň uçara öwrülmegi üçin iki minut on bäş sekunt ýeterlik. Ulag bu resminamany almak üçin 70 sagat uçuş, 200 gezekden köp uçurylyp, jemi uçan wagty 70 sagada ýetipdir. Ulagy işläp taýýarlan professor Stefan Kleýn bu sertifikatyň uçýan awtoulaglaryň köpçülikleýin öndürilmegine rugsat berýändigini belledi. Bu awtoulag geçen ýylyň iýun aýynda Slowakiýanyň Nitra we Bratislawadaky halkara howa menzilleriniň arasynda 35 minutlyk uçuş edipdi. Ýakyn wagtda bu ulag Parižden Londona çenli aralygy uçup geçer.