4-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy S.Gafarowanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
S.Gafarowa Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde guralýan çäreleriň ähmiýetine üns çekdi we Parlament forumyň gelejekde degişli ugurlarda parlamentara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge oňyn täsir etjekdigini aýtdy.
Duşuşykda myhman ýakynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran saparynyň uly ähmiýetini aýratyn nygtady. Şeýle hem özara bähbitlilik, deňhukuklylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi bolan parlament dialogynyň yzygiderli ilerledilýändigi bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.