Düýn – 20-nji iýunda Ermenistanda Parlament saýlawlary geçirildi. Saýlawlaryň resmi bolmadyk ilkinji netijelerine görä,  hökümet başlygy Nikol Paşinýanyň ýolbaşçylyk edýän “Raýat Şertnamasy” partiýasy 53,92% göterim ses aldy. Emma bu görkeziji ýekelikde hökümet gurmak üçin ýeterlik hasaplanmaýar. Ýurtda hereket edýän kanunçylyga görä, haýsydyr bir partiýanyň ýeke özüniň hökümet gurmagy üçin 54 göterim sese eýe bolmagy hökmandyr. Partiýanyň alan sesleriniň sany bu görkezijä 0,08 göterim ýetmedi. Ýurduň ozalky prezidenti Robert Koçarýanyň ýolbaşçylyk edýän “Ermenistan bileleşigi” bolsa, 21,04 göterim ses alyp, ikinji orny eýeledi. Ermenistanda nobatdan daşary geçirilen Parlament saýlawlaryna 25 syýasy partiýa we bileleşik gatnaşdy.