Ýaz paslynyň şemally, ýagmyrly, salkyn we howanyň derejesiniň üýtgäp durmagyny nazara alyp, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýinmeli.
Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli.
Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. Onuň üçin penjiräni wagtal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip durmaly. Eliňizi elmydama arassa ýagdaýda saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly. Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmeli.
Sagdyn we kadaly iýmitlenmeli. Witaminlere we mikroelementlere baý ter gök önümleri we miweleri iýmeli.
Ýiti iýmit zäherlenmeleriň we ýiti içege ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän talaplary doly we dogry berjaý etmeli.
Kömelek we gök önüm iýeniňizde arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmeli.
Arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda içmeli.
Ýiti respirator ýokanç keseliniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Özbaşdak derman serişdelerini, esasan hem, antibakterial derman serişdelerini ulanmaly däl. Sebäbi antibakteral derman serişdeleri wiruslara däl-de, bakteriýalara garşy ukyply bolýar. Olary özbaşdak ulanmak birnäçe gaýraüzülmelere getirip biler we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny peselder.
Ýaz paslynda tebigatda dürli mör-möjekleriň janlanýandygyny nazara alyp, olaryň çakmagyndan goranmaly.
Ýurdumyzda ýola goýlan keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny maşgala lukmanyňyz bilen maslahatlaşyp öz wagtynda almaly.
Saglyk döwlet ätiýaçlandyrmasyny baglanyşyp, döredilen ýeňilliklerden peýdalanyp, ýylda bir gezek ýurdumyzda hereket edýän şypahanalarda öz saglygyňyzy berkitmeli.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.
PDF









