2021-nji ýylda hytaý kompaniýalary, okuw mekdepleri, laboratoriýalary we ylym-bilim merkezleri Intellektual eýeçiligiň halkara guramasyna (WIPO) 1,5 milliondan gowrak patent üçin ýüz tutupdyrlar. Bu görkeziji bu ugurda ikinji bolan ABŞ-dan üç essä golaý köpdür. Şeýle-de bolsa, bu açyşlaryň ykdysady gymmatynyň ABŞ-nyňkydan we Ýewropa ýurtlarynyňkydan azdygy bellenilýär. Täze patentlere has köp zerurlyk duýulýan senagat ugurlarynyň jemi içerki önüme we iş ornuny döretmekdäki paýyna seredilende günbatar kompaniýalary öňdeligi eýeleýär.
Hytaýyň Milli intellektual eýeçilik edarasynyň (CNIPA) wekili Hy Şunuň ýaýradan maglumatlaryna görä, Hytaýda kompýuter, elektronika, maşyn, energiýa ulgamlary, sanly aragatnaşyk, sesli-suratly enjamlar, lukmançylyk tehnologiýalary, aragatnaşyk we awiasiýa ýaly has köp patent talap edýän senagat ugurlarynyň ululygy 2021-nji ýylda ozalky ýyldaka garanyňda 17,9 göterim artyp, 14,3 trillion ýuanlyk (2,1 trillion dollar) bazary emele getiripdir. Ýurtda senagatyň bu ugrunyň jemi içerki önüme goşandy 12,4 göterim bolupdyr. Bu görkezijiniň ABŞ-da 24, Ýewropa Bileleşiginde 17,4 göterim bolandygy mälim edildi. Bu senagat ugurlary Hytaýda 6,5 göterim, ABŞ-da 13, Ýewropa Bileleşiginde 11 göterim iş ornuny döretmäge goşant goşupdyr.