15 — 19-njy iýun aralygynda Aşgabat şäherindäki Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde sportuň küşt görnüşi boýunça türgenleriň arasyndaky halkara ýaryş geçiriler.
13-nji iýunda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa paýtagtymyzda geçiriljek küşt boýunça halkara ýaryşa taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sport arkaly parahatçylygy dabaralandyrmakda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakasyna öwrüljek bu ýaryşa dünýäniň köp sanly döwletinden, şeýle-de Türkmenistandan 8, 10 we 12 ýaşly türgenler gatnaşarlar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýere Aşgabat şäherindäki Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde sportuň küşt görnüşi boýunça türgenleriň arasynda geçiriljek halkara ýaryşa gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.