Türkmen sportuny dünýä derejesinde ösdürmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da ýokarlandyrmak ugrunda halkara sport ýaryşlary yzygiderli geçirilýär. 22 — 25-nji aprel aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşy geçiriler. Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan iş topary döredilip, ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, häzirki wagtda guramaçylykly işler alnyp barylýar. Sport arkaly parahatçylygy dabaralandyrmakda möhüm waka öwrüljek bu halkara ýaryşa daşary ýurtlardan köp sanly sport wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, 11-nji aprelde geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.