Hytaýyň günortasynda Guansi Çžuan awtonom sebitiniň Beýhaý portunda dünýäniň iň uly suwüsti ýel generatoryny gurnamak işleri tamamlandy. Bu ägirt uly turbina “China Three Gorges Corporation” tarapyndan işlenip düzüldi. Turbinanyň perrigi ululygy boýunça ýedi sany futbol meýdançasyna, diametri 252 metre deň bolup, bu desga ýylda takmynan 44,7 GWt/s elektrik energiýasyny öndürmäge ukyply bolar. Bu bolsa 4000 hojalygy tok bilen bökdençsiz üpjün eder. Ägirt uly turbina ýurduň ilkinji ýary suwa çümüp durýan dinamiki balast ulgamly platformasynda oturdylan görnüş bolup, ondaky 3 sütün ýel turan we tolkun bolan wagtynda gurluşy durnukly ýagdaýda saklamak üçin suwuň derejesini awtomatiki ýagdaýda sazlar. Bu gurluş ýakyn wagtda synagdan geçirmek we elektrik toruna birikdirmek üçin 50 metrden gowrak çuňluga çekiler.
Hytaý 2025-nji ýylyň ilkinji 6 aýynda deňiz ýel gurluşlarynyň kuwwatyny 4,4 GWt esse artdyrdy. Bu bolsa ýurduň geçen ýyldaky görkezijisinden hem ýokarydyr. Turbina reduktorlary, urganlar we balast ulgamlarynyň ählisi diýen ýaly ýurtda öndürilýär. Bu bolsa ýurduň gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamynda tehnologiki garaşsyzlyga ygrarlydygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezýär. Häzirki wagtda bu ýurt 2060-njy ýyla çenli doly uglerod bitaraplygyny gazanmak boýunça öňünde goýan ägirt uly maksadyna ýetmek ugrundaky ýolunda ynamly hereket edýär.
Mährem BABAMYRADOWA, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby.