Peru Kongresiniň (parlament) başlygy Hose Heri, döwlet Baştutany Dina Boluarte wezipesinden çekilenden soň, 10-njy oktýabrda Respublikanyň Prezidenti hökmünde kasam kabul etdi. Hose Heri 2026-njy ýylyň 26-njy iýulyna çenli Perunyň Prezidenti wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirer. Dina Boluarte soňky bäş ýylda Perunyň üçünji Prezidenti bolup, 2022-nji ýylyň dekabrynda ýurduň iň ýokary wezipesini eýeläpdi.