28-nji ýanwarda pensiýa çykan general we NATO-nyň harby komitetiniň öňki başlygy Petr Pawel Çehiýanyň Prezidenti wezipesine saýlandy. Ol 8-nji martda Milos Zemanyň ýerine geçip, döwlet Baştutany wezipesini ýerine ýetirer. Miloş Zeman milli Konstitusiýa laýyklykda, iki bäşýyllyk prezidentlik mandatyndan soň gaýtadan bu wezipä dalaşgärlik edip bilmedi.
Saýlawlaryň ikinji tapgyrynda, saýlaw uçastoklarynyň 99,72%-inde sesler sanalandan soň, Petr Paweliň sesleriň 58,24%-ine eýe bolandygy belli boldy. Onuň bäsdeşi Çehiýanyň öňki Premýer-ministri Andreý Babiş bolsa, saýlawçylaryň 41,75% sesine eýe boldy. Saýlawlara gatnaşyk 70,31%-e deň boldy.
Häzirki syýasy çärä saýlawçylaryň gyzyklanmasy öňkülerden has ýokary bolup, gatnaşyjylaryň sany birinji tapgyra garanyňda rekord derejede boldy. Belli syýasatçylaryň arasynda Paweli ilkinji bolup Çehiýanyň Premýer-ministri Petr Fiala we Slowakiýanyň Prezidenti Zuzana Çaputowa gutlady. Paweliň saýlawlarda gazanan ýeňşi yglan edilenden soň, onuň gatnaşmagynda geçirilen ilkinji metbugat ýygnagynda Prezident hökmünde ähli çeh raýatlarynyň bähbitlerini gorajakdygyny belläp geçdi.
Döwlet Baştutanynyň göni we ählumumy saýlawlary Çehiýanyň taryhynda üçünji gezek geçirildi. Bu formatdaky saýlawlar ilkinji gezek 2013-nji ýylda geçirildi. Ondan öň Prezident parlament tarapyndan saýlanýardy.
Çehiýanyň dördünji Prezidenti
Petr Pawel 1961-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Çehiýanyň Plana şäherinde harby maşgalada dünýä inýär. Ol Opawa şäherindäki ýetginjekler üçin niýetlenen Ýan Žižka adyndaky harby mekdebinde bilim alýar, 1983-nji ýylda Wyşkowdaky gury ýer goşun mekdebini, 1991-nji ýylda Brno şäherindäki Antonin Zapotoskiý harby akademiýasyny gutarýar. Soň bolsa Beýik Britaniýadaky harby okuw mekdeplerinde tälim alýar. Ol birnäçe daşary ýurt dilini bilýär. Pawel Ýewropa gymmatlyklaryna eýerýän syýasatçydyr.
Prezidentiň wezipeleri
Çehiýa parlament Respublikasy bolup, onda Prezident wekilçilikli wezipeleri ýerine ýetirýär. Ol Halkara arenasynda döwlete wekilçilik edýär we ýurduň ýaragly güýçleriniň belent Serkerdebaşysydyr. Ýerine ýetiriji häkimiýet hökümetiň ygtyýaryndadyr. Premýer-ministriň we Konstitusiýa kazyýetiniň kazylarynyň bellenmegi Prezidentiň möhüm ygtyýarlyklaryna girýär. Prezidentiň razylygy bolmazdan Ministrler Kabineti Respublikanyň ilçihanalarynyň we diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny belläp bilmeýär. Prezident we Premýer-ministr möhüm meseleler boýunça wagtal-wagtal maslahatlaşyp durýarlar.
Çehiýa Merkezi Ýewropa 10 milliondan gowrak ilatly ösen döwlet bolup, demirgazykda Polşa, demirgazyk-günbatarda Germaniýa, günortada Awstriýa we gündogarda Slowakiýa bilen serhetleşýär. Häzirki Çehiýa 1993-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda emele geldi. Paýtagt Praga ýurduň iň iri şäherleriniň biridir. Çehiýa 2004-nji ýylyň 1-nji maýynda Ýewropa Bileleşiginiň agzasy boldy.