Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň oba ho­ja­ly­gyn­da tä­ze önüm­çi­lik gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­ma­ga, oba ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len be­ýik işler dur­mu­şa ge­çirilýär.
Us­sat pi­le­çi­le­riň şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny bir­kem­siz ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi üçin döw­let ta­ra­pyn­dan uly gol­daw be­ril­ýär. Şu ýyl­ us­sat pi­le­çi­ler ta­ra­pyn­dan ýurt bo­ýun­ça 2 müň 100 ton­na­dan gow­rak pi­le ön­dü­ri­lip, bel­le­nen şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­ üs­tün­lik­li ber­jaý edil­di. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň mö­hüm pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bo­lan dok­ma se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek­de ýü­pek önüm­çi­li­gi aý­ra­tyn or­na my­na­syp­dyr. Hä­zir­ki wagt­da türk­men ýü­pe­gin­den ýur­du­myz­da il­kin­ji ge­zek pan­bar­ha­tyň tä­ze gör­nüş­le­ri çy­ka­ry­lyp baş­lan­dy. Aş­ga­ba­dyň ýü­pek fab­ri­gi we Türk­me­na­ba­dyň ýü­pek önüm­çi­lik bir­le­şi­gi ön­dü­ril­ýän ýü­pe­gi gaý­ta­dan iş­le­ýän esa­sy kär­ha­na­lar bol­mak bi­len, do­ly döw­re­bap ýag­da­ýa ge­ti­ril­di hem-de hä­zir­ki za­man en­jam­la­ry bi­len üp­jün edil­di. Bu kär­ha­na­lar­da ýü­pek ha­ly­la­ry­, mil­li ke­te­ni ma­ta­la­ry­ we beý­le­ki önüm­le­ri taý­ýar­la­mak üçin tä­ze önüm­ha­na­lar açyl­dy. Ze­nan­la­ry­my­zyň ara­syn­da uly meş­hur­lyk­dan peý­da­lan­ýan pan­bar­hat ma­ta­la­ry­ ön­dür­ýän Aş­ga­ba­dyň pan­bar­hat fab­ri­gi ýü­pek sü­ýü­mi bi­len bök­denç­siz üp­jün edil­ýär.
Ýü­pek­çi­lik ga­dy­my pu­dak bo­lup, Hy­taý­da dö­räp, soň­ra Hin­dis­ta­na we Ýew­ro­pa ara­laş­ypdyr. Hy­taý, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy, Ýa­po­ni­ýa, Hin­dis­tan, Bra­zi­li­ýa, Ita­li­ýa we Fran­si­ýa ýa­ly ýurtlar­da ýü­pek­çi­lik uly äh­mi­ýe­te eýedir. Ýüpek önüm­çi­li­gi­niň 90%-i Hy­taý we Hin­dis­tana degişlidir.
2022-nji ýyl­yň 28-nji no­ýabry 3-nji de­kabry ara­ly­gyn­da Ra­bat­da ge­çi­ri­len ÝU­NES­KO-nyň hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti­niň mej­li­sin­de Azer­baý­jan, Ow­ga­nys­tan, Tür­ki­ýe, Türk­me­nis­tan, Tä­ji­gis­tan we Öz­be­gis­tan ýa­ly döw­let­le­riň hö­dür­na­ma­sy esa­syn­da ýü­pek­çi­lik hem-de däp bo­lan ýü­pek önüm­çi­li­gi ÝU­NE­SKO-nyň adam­za­dyň mad­dy däl mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na go­şul­dy. Tuduň ýapragy ýü­pek gurçugynyň ýe­ke-täk iý­mit çeş­me­si hasaplanýar. Tut ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek ýurdumyzda, esa­sa­n hem, 2000 gek­tar­dan gow­rak meý­da­ny bo­lan Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da giň­den ýaý­ran­dyr.
Maglumatlara görä, glo­bal ýü­pek ba­za­ry 2021-nji ýyl­da 15,6 mil­liard amerikan dol­lary tö­we­re­gi bo­lup, 2031-nji ýy­la çen­li ýyl­lyk ösüşi 8,2% bi­len 34,1 mil­liard amerikan dol­la­ryna ýe­ter. Ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän ýü­pek önüm­le­ri Ko­re­ýa Respublikasyna, Eý­ra­na we Hin­dis­ta­na eks­port edil­ýär.

Ba­tyr SER­DA­ROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.