Ýa­pon hö­kü­me­ti hyz­mat pu­da­gy­nyň we­kil­le­ri­ni ga­lyn­dy­la­ra gar­şy çä­re­le­riň çä­gin­de müş­de­ri­le­re be­ril­ýän plas­tik önüm­le­riň muk­da­ry­ny azalt­ma­ga borç­ly ed­ýär. Sa­na­wa plas­tik iý­mit gap-gaç­la­ry, as­gyç­lar, da­rak­lar, diş çot­ga­la­ry we iç­gi tur­ba­jyk­la­ry ýa­ly 12 önüm gi­rdi.
Bu çä­re­ler 2022-nji ýy­lyň 1-nji ap­re­lin­de güý­je gi­rip, il­kin­ji no­bat­da, ýyl­da 5 ton­na­dan gow­rak plas­tik önüm­le­ri ulan­ýan res­to­ran­la­ra, iý­mit el­tip ber­mek hyz­mat­la­ry­na, myh­man­ha­na­la­ra, hi­mi­ki usul bi­len ge­ýim aras­sa­la­ýan öý­le­re tä­si­ri­ni ýe­ti­rer. Müş­de­ri­le­re şeý­le önüm­ler hem tö­leg­li edi­lip bil­ner.
Ge­çen ýy­lyň iýul aýyn­dan bä­ri Ýa­po­ni­ýa­nyň äh­li dü­kan­la­ryn­da ha­ryt­la­ry gap­la­mak üçin ni­ýet­le­nen plas­tik tor­ba­la­r tö­leg­li edil­di. Ýa­pon hö­kü­me­ti­niň we­kil­le­ri­niň pi­ki­ri­çe, bu çä­re ýurt­da­ky we ke­nar­ýa­ka­syn­da­ky plas­tik ga­lyn­dy­la­ryň muk­da­ry­ny azalt­ma­ga ýar­dam be­rer. Ýur­duň hö­kü­me­ti ta­ra­pyn­dan ma­kul­la­nan ka­nu­na gö­rä, plas­tik tor­ba­la­ryň ba­ha­sy 2 ýen­den (18 sent­den) az bol­ma­ly däl. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, kä­bir dü­kan­lar öz aly­jy­la­ry­na çüý­re­mä­ge ukyp­ly ýag sü­ýü­min­den edi­len mugt plas­tik tor­ba­la­ry hö­dür­le­ýär.
BMG-niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, Ýer to­ga­la­gyn­da ýyl­da 300 mil­li­on ton­na tö­we­re­gi plas­tik ga­lyn­dy ön­dü­ri­lip, ola­ryň 8 mil­li­on ton­na­sy um­man­la­ra düş­ýär. Um­man­la­ra dü­şen plas­tik ga­lyn­dy­lar maý­da­la­nyp, mik­rop­las­ti­ge öw­rül­ýär­ler. Ola­ry bol­sa, ba­lyk­lar, moll­ýusk­lar ýuw­dup, glo­bal de­re­je­de eko­lo­gik me­se­lä öw­rül­ýär. Ýa­po­ni­ýa­nyň hö­kü­me­ti hä­zir­ki wagt­da 2050-nji ýy­la çen­li plas­tik ga­lyn­dy­la­ryň ýur­duň çäk­le­rin­dä­ki um­man­la­ra düş­me­gi­niň öňü­ni al­ma­ga gö­nük­di­ri­len çä­re­le­ri iş­läp düz­ýär.

Be­ýik Bri­ta­ni­ýa hem
ga­da­gan eder
Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň hö­kü­me­ti bir ge­zek ula­nyl­ýan plas­tik na­har­ha­na ab­zal­la­ry­ny, şeý­le-de po­lis­ti­rol bul­gur­la­ry we ta­bak­la­ry ga­da­gan et­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ba­ra­da BBC ha­bar gul­lu­gy mä­lim ed­ýär. Şeý­le ga­da­gan­lyk Ang­li­ýa, Şot­lan­di­ýa, Uels we De­mir­ga­zyk Ir­lan­di­ýa ýa­ly ýur­duň äh­li kün­jek­le­rin­de gi­ri­zi­lip bil­ner. Has dur­nuk­ly al­ter­na­ti­wa­la­ry göz­le­mek bo­ýun­ça mas­la­hat­lar in­di­ki aý­da baş­lar.
Bu çä­re­ler, um­man­lar­da­ky plas­tik ga­lyn­dy­la­ryň muk­da­ry­ny azalt­ma­ga kö­mek et­jek «plas­ti­ka gar­şy sö­weş» di­ýil­ýän mak­sat­na­ma­nyň bir bö­le­gi ha­sap­lan­ýar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Ang­li­ýa­nyň her bir ýa­şaý­jy­sy ýyl­da 18 ge­zek bir ge­zek ula­nyl­ýan plas­tik ta­bak­la­ry we 37 ge­zek plas­tik­den edi­len aş­ha­na en­jam­la­ry­ny ulan­ýar.
Şu­ňa meň­zeş ga­da­gan­lyk öň Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan gi­ri­zi­lip­di. Şu ýy­lyň 3-nji iýu­lyn­dan ÝB-e ag­za ýurt­lar­da pag­ta­ly çöp­ja­gaz­lar, plas­tik ta­bak­lar we na­har­ha­na en­jam­la­ry, iç­gi­ler üçin tur­ba­jyk­lar, iý­mit we iç­gi­ler üçin ni­ýet­le­nen po­lis­ti­rol bul­gur­lar we gap­lar ga­da­gan edil­di.