«Türk­men­poç­ta» poç­ta ara­gat­na­şyk kom­pa­ni­ýa­sy Bü­tin­dün­ýä poç­ta bir­le­şi­gi­niň ag­za­sy bo­lup, döw­le­tiň ara­gat­na­şyk ul­ga­my­na de­giş­li ugur­da ara­çy bo­lup çy­kyş ed­ýär. Kom­pa­ni­ýa­nyň hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň 190-dan gow­rak ýur­dy bi­len örän gys­ga wagt­da ýol­la­ma­la­ry ug­rat­ma­ga we ka­bul et­mä­ge müm­kin­çi­li­gi bar. 1996-njy ýyl­dan «Türk­men­poç­ta» poç­ta ara­gat­na­şyk kom­pa­ni­ýa­sy ýol­la­ma­la­ry elt­me­gi çalt­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, «EMS Express Ma­il Service» ge­çi­ri­ji­le­ri­ne bir­leş­di­ril­ýär. Bu bol­sa 7-10 iş gü­nü­niň do­wa­myn­da hat-ha­bar ýol­la­ma­la­ry Ýer ýü­zü­niň is­len­dik no­ka­dy­na ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Go­laý­da «Türk­men­poç­ta» poç­ta ara­gat­na­şyk kom­pa­ni­ýa­sy ýur­du­my­zyň te­bi­gy gö­zel­lik­le­ri­ni, paý­tag­ty­my­zyň ka­şaň bi­na­la­ry­ny we iň tä­ze des­ga­la­ry­ny be­ýan ed­ýän tä­ze mar­ka­la­ry çy­kar­dy. Mar­ka­lar­da Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň we ba­ky Bi­ta­rap­ly­gy­nyň ke­ma­la gel­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýa­dy­gär­li­ker hem-de des­ga­lar su­rat­lan­dy­ry­lyp­dyr. Tä­ze türk­men mar­ka­la­ryn­da geç­mi­şiň ýa­dy­gär­lik­le­ri we hä­zir­ki üs­tün­lik­ler öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Hro­no­lo­gi­ýa kol­lek­si­ýa­la­ry­ny top­laý­jy­lar şan­ly üs­tün­lik­ler eý­ýa­my­nyň öz­bo­luş­ly se­ne ýaz­gy­sy­ny dü­züp bi­ler­ler. Bel­li bir te­ma­ti­ka de­giş­li mar­ka­la­ry ýyg­na­ýan­lar üçin hem dür­li mar­ka­lar bar. Olar­da ül­kä­mi­ziň ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si, halk se­net­çi­li­gi, hat­da älem hem be­ýa­ny­ny tap­ýar. Mar­ka­la­ryň bi­rin­de il­kin­ji türk­men hem­ra­sy şe­kil­len­di­ri­lip­dir. Tä­ze mar­ka­lar ýur­du­my­zyň we da­şa­ry ýurt­ly fi­la­te­li­ýa­çy­la­ryň kol­lek­si­ýa­la­ry­nyň üs­tü­ni ýe­ti­rer.

Hez­ret­gu­ly AMA­NOW,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.