ABŞ-nyň «Invent­Wo­od» kom­pa­ni­ýa­sy aga­jy gaý­ta­dan iş­le­mek ar­ka­ly po­lat­dan hem berk ma­te­ri­al ön­dü­rip baş­la­dy. Bu ma­te­ri­al po­lat­dan 10 es­se berk, 6 es­se ýe­ňil. Pro­fes­sor Lýan­bin Hu mun­dan 10 ýyl ozal Me­ri­lend uni­wer­si­te­tin­de zäh­met çek­ýän wag­ty tag­ta­ny gaý­ta­dan di­zaýn et­mek ba­ra­da pi­ki­ri or­ta at­ýar. Pro­fes­sor Hu aga­jyň dü­zü­min­den oňa reňk ber­ýän mad­da­ny aý­ryp, ony du­ry ýag­da­ýa ge­ti­rip­di. Soň­ra bol­sa, hi­mi­ki iş­le­riň ne­ti­je­sin­de sell­ýu­lo­za­nyň has berk bol­ma­gy­ny ga­za­nyp­dy. Mu­nuň üçin tag­ta hi­mi­ki er­gi­niň için­de gaý­na­dyl­ýar, soň­ra bol­sa ýo­ka­ry ba­syş bi­len gy­syl­ýar. Ne­ti­je­de, onuň dy­kyz­ly­gy ep-es­li art­ýar. Eme­le ge­len ma­te­ri­al köp san­ly me­tal ma­te­ri­al­dan has berk bol­ýar.

Yklym AMANBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.