9-njy martda Sosialistik partiýanyň öňki baş sekretary Antoniu Žoze Seguru Portugaliýanyň täze Prezidenti hökmünde kasam kabul etdi. Ol özüne ynanylan wezipeleri ak ýürekden ýerine ýetirjekdigine hem-de Portugaliýa Respublikasynyň Konstitusiýasyny gorajakdygyna, goldajakdygyna we onuň berjaý edilmegini üpjün etjekdigine kasam etdi.
Seguru 2016-njy ýyldan bäri ýurdy dolandyryp gelýän (2021-nji ýylda ikinji möhlete saýlanan) Marselu Rebelu di Souzanyň ýerine geçdi. Ýurtdaky kanunçylyk yzly-yzyna üç möhlete täzeden saýlanmaga rugsat bermeýändigi sebäpli, ol täzeden dalaşgärligini öňe sürüp bilmedi.
Portugaliýada Prezident saýlawlary iki tapgyrda geçirildi. Ikinji tapgyrda Sosialistik partiýanyň öňki baş sekretary ses berenleriň 66%-den gowragynyň goldawyny alyp, ýeňiş gazandy.
63 ýaşly Seguru köp ýyllyk tejribesi bolan syýasatçydyr, emma ol soňky ýyllarda mugallymçylyk işi bilen meşgul boldy. Ol 1962-nji ýylda Penamakor şäherçesinde dünýä indi we halkara gatnaşyklary ugrundan bilim aldy. Syýasy işe ýaşlykdan girişen Seguru, tutuş ömrüni Sosialistik partiýanyň hatarynda geçirdi. Ol häzirki wagtda BMG-niň Baş sekretary wezipesini eýeleýän Antoniu Guterrişiň hökümetiniň düzüminde işledi, şeýle hem Ýewropa Parlamentiniň deputaty hökmünde tejribe toplady. 2011-nji ýyldan 2014-nji ýyla çenli Sosialistik partiýanyň baş sekretary boldy. Ol partiýa içindäki saýlawlarda şol wagtky Lissabonuň häkimi Antoniu Koştadan ýeňilenden soň, bu wezipeden gitdi. Koşta bolsa soňra Portugaliýanyň Premýer-ministri, ondan soň bolsa Ýewropa Geňeşiniň başlygy wezipelerini eýeledi.
Döwletiň özygtyýarlylygynyň, agzybirliginiň we çäk bitewüliginiň kepili bolan Prezidentiň ygtyýarlyklary örän giňdir, emma käwagtlar olar diňe wekilçilikli wezipeler bilen çäklenýär. Şol sanda ol belent serkerdebaşydyr we saýlawlaryň netijelerini nazara alyp, Premýer-ministri belleýär. Şeýle-de, Prezident Respublikanyň Assambleýasyny (bir palataly parlament) ýatyrmaga, kanunlara weto goýmaga we günä geçmäge hukuklydyr.