Ýaş ne­sil ba­ra­da­ky ala­da ýurdumyzda döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň biridir. Ýaş nes­liň döw­re­bap bi­lim al­magy, hü­när öw­ren­megi, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn bol­magy, ata Wa­ta­na, il-gü­ne we­pa­ly adam­lar bo­lup ýe­tiş­megi üçin mö­hüm iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Çün­ki ýur­du­my­zyň döw­let sy­ýa­sa­ty Gahryman Arkadagymyzyň «Döw­let adam üçin­dir!» diý­en baş ýö­rel­gesin­den, hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryndan ugur al­ýar. Jem­gy­ýe­tiň ösüş de­re­je­si adam ha­kyn­da edil­ýän ala­da bi­len kes­git­len­ýär.
Ýur­du­myz­da jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ös­me­gi, adam­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­nyň mun­dan beý­läk hem go­wu­lan­ma­gy üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­lip, mö­hüm mak­sat­na­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Jem­gy­ýet­çi­lik we şah­sy tej­ri­be­den ge­lip çyk­ýan dur­mu­şy psi­ho­lo­gik mag­lu­mat­lar ylym­dan öň­ki psi­ho­lo­gik mag­lu­mat­la­ry dö­red­ýär. Olar uly göw­rü­mli bo­lup, bel­li bir de­re­je­de beý­le­ki adam­la­ryň özü­ni alyp bar­şy­na dog­ry dü­şün­mek­li­ge ýar­dam edip bi­ler.
Uzak wagt­lap pel­se­pä­niň çä­gin­de psi­ho­lo­gi­ýa so­rag­la­ry göz öňün­de tu­tu­lyp­dyr. Di­ňe XIX asy­ryň or­ta­la­ryn­da psi­ho­lo­gi­ýa aýratyn yl­ma öw­rül­di. Em­ma fi­lo­so­fi­ýa­dan aý­ry­lyp, onuň bi­len ýa­kyn ara­gat­na­şyk sak­la­ma­gy­ny do­wam et­dir­ýär. Hä­zir­ki wagt­da psi­ho­lo­gi­ýa we pel­se­pe ta­ra­pyn­dan öw­re­nil­ýän yl­my me­se­le­ler bar. Şeý­le me­se­le­ler şah­sy ma­ny, dur­muş­da­ky mak­sat, dün­ýä­ga­ra­ýyş, sy­ýa­sy ga­ra­ýyş­lar, ah­lak gym­mat­lyk­la­ry öz içi­ne al­ýar. Psi­ho­lo­gi­ýa gi­po­te­za­la­ry bar­la­mak üçin sy­nag usul­la­ry­ny ulan­ýar. Şeý­le-de bol­sa, sy­nag ar­ka­ly çö­züp bol­ma­jak so­rag­lar bar. Şeý­le ýag­daý­lar­da psi­ho­log­lar fi­lo­so­fi­ýa ýüz tu­tup bi­ler­ler. Fi­lo­so­fi­ki we psi­ho­lo­gi­k me­se­le­ler adam aňy­nyň düýp ma­ny­sy we ge­lip çy­ky­şy, adam pi­kir­le­ni­şi­niň has ýo­ka­ry gör­nüş­le­ri­niň te­bi­ga­ty, jem­gy­ýe­tiň ada­ma we ada­ma jem­gy­ýe­te tä­si­ri ýa­ly me­se­le­le­ri öz içi­ne al­ýar. Umu­my psi­ho­lo­gi­ýa nazary we sy­nag psi­ho­lo­gi­k göz­leg­le­ri umu­my­laş­dyr­ýan, psi­ho­lo­gi­k bi­lim­le­ri bir­leş­dir­ýän, iň umu­my psi­ho­lo­gi­k na­gyş­la­ry, psi­ho­lo­gi­ýa­nyň nazary ýö­rel­ge­le­ri­ni we usul­la­ry­ny, hä­zir­ki dü­şün­je­le­rin­de we ta­ry­hy ösü­şin­de esa­sy dü­şün­je­le­ri­ni we ka­te­go­ri­ki gur­lu­şy­ny öw­ren­ýän bö­lüm­dir. Umu­my psi­ho­lo­gi­ýa ug­run­da­ky göz­leg­le­riň ne­ti­je­si psi­ho­lo­gi­ýa yl­my­nyň äh­li pu­dak­la­ry­nyň esa­sy­ny düz­ýär. Umu­my psi­ho­lo­gi­ýa pel­se­pe, so­sio­lo­gi­ýa, fi­zio­lo­gi­ýa, in­for­ma­ti­ka, ling­wis­ti­ka, pe­da­go­gi­ka we hu­kuk ýaly beý­le­ki ylym­lar üçin uly äh­mi­ýe­te eýe.
Ada­myň aň-dü­şün­je­si­ni, beý­ni­si­niň dür­li ýag­daý­lar­da özü­ni alyp bar­şy­ny öw­ren­ýän psi­ho­lo­gi­ýa gy­zyk­ly we do­ly öw­re­nil­me­dik ylym. Psi­ho­lo­gi­ýa­ny iki gör­nü­şe böl­mek bo­lar – esasy we ama­ly. Esa­sy psi­ho­lo­gi­ýa­nyň göz­den ge­çir­ýän amal­la­ry duý­gy, üns, ýat, hy­ýal, pi­kir we söz. Esa­sy psi­ho­lo­gi­ýa akyl aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny we akyl ýag­daý­la­ry­ny hem öw­ren­ýär. Ama­ly psi­ho­lo­gi­ýa, ada­myň özü­ni alyp bar­şy­nyň ama­ly äh­mi­ýe­ti­ni öw­ren­ýär. Bu yl­ma has çuň­ňur göz aý­la­sa­ňyz, ýet­gin­jek­lik, jem­gy­ýet­çi­lik pi­kir­le­ni­şi we umu­man adam bi­len öm­rü­niň do­wa­myn­da bo­lup geç­ýän äh­li psi­ho­lo­gi­k üýt­geş­me­ler ýa­ly ha­dy­sa­la­ry öw­ren­ýän­di­gi­ni gö­rmek bolýar.

Al­la­my­rat GA­LAN­DA­ROW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň psihiatriýa, narkologiýa we medisina psihologiýasy kafedrasynyň mugallymy.