UEFA Çempionlar Ligasynda 2-nji tapgyryň iň esasy oýnunda soňky çempion PSŽ myhmançylykda “Barselona” bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda ýer eýeleri 19-njy minutda Ferran Torresiň goly bilen öňe saýlansa-da, 38-nji minutda Maýulu hasaby deňledi. Duşuşygyň 90-njy minutynda oýna soň giren Gonsalu Ramuş parižlilere ýeňiş getiren oýunçy boldy.
Angliýanyň “Nýukasl” topary myhmançylykda ýaryşyň debýutanty “Ýunion Sent Žilluaz” toparyndan 4-0 hasabynda üstün çykdy. Iňlis klubunyň gollaryny Woltemade (17) bilen ikisini-de penaltiden geçiren Antoni Gordon (43 p, 64 p) hem-de Barns (80) derwezä girizdi.
“Baýer” bilen PSW-niň arasyndaky oýunda ýeňiş gazanan bolmady. Ýer eýelerinden Kofaneiniň 65-nji minutdaky goluna niderlandlar 72-nji minutda Saibariniň goly bilen jogap berdi.
Başga nemes kluby “Borussiýa Dortmund” toparyna öz meýdançasynda ispanlaryň “Atletik Bilbao” toparyny ýeňmek kyn düşmedi. 4-1 hasabynda ýeňiş gazanan dortmundlylaryň gollaryny Swensson (28), Çukwuemeka (50), Girassi (82) hem-de Brandt (90+1) derwezä girizdi. Myhmanlaryň ýeke-täk goluny 61-nji minutda Guruzeta öz adyna ýazdyrdy.