Kubogyň häzirki eýesi PSŽ öz meýdançasynda “Çelsi” bilen duşuşdy. Duşuşygyň 1-nji ýarymynda parižliler Barkola hem-de Dembeleniň tapawutlanmagynda 2 gol geçirdi. “Çelsi” her gezekde Gusto hem-de Enzo Fernandesiň gollary bilen jogap bermegi başardy. Duşuşygyň 74-nji minutynda Witinýa topy derwezeçiniň üstünden geçirip, hasaby 3-2-ä ýetirdi. Duşuşygyň galan minutlarynda “Çelsi” hasaby deňläp bilerdi ýa-da bu netije jogap oýnunda ýeňiş gazanmazça däldi.

Ýöne esasy waka oýnuň ahyrlarynda bolup geçdi. 62-nji minutda meýdança giren Hwiça Kwarasheliýa 86-njy minutda owadan urgy bilen 4-nji pökgini londonlylaryň torundan girizdi. Ol 90+4-nji minutda ýene bir gezek tapawutlanyp, aratapawudy 3 gola ýetirdi we “Çelsini” jogap duşuşygy üçin kyn ýagdaýa saldy. 5-2 hasabynda ýeňiş gazanan PSŽ çempionlygyny goramagyň ýolunda ilkinji uly ädimi ätdi.
PDF









