Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Hytaýyň raýatlaryna 2026-njy ýylyň 14-nji sentýabryna çenli özara esasda 30 güne çenli syýahatçylyk we iş saparlary üçin ýurda wizasyz girmäge rugsat berýän karara gol çekdi.
Resminamada geljek ýylyň 14-nji sentýabryna çenli, Hytaý Halk Respublikasynyň raýatlarynyň, syýahatçy hökmünde, ylmy, medeni, jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we sport çärelerine gatnaşmak, şeýle hem üstaşyr geçmek üçin myhman ýa-da iş sapary bilen 30 günden köp bolmadyk möhletde Russiýa Federasiýasyna girmäge we galmaga hukugynyň bardygy bellenilýär. Şeýle-de bolsa, bu çäre iş, ýaşamak ýa-da bilim almak maksady bilen Russiýa girýän hytaýly raýatlara degişli däl.
Ýatlap geçsek, Hytaý mundan öň, şu ýylyň 15-nji sentýabryndan geljek ýylyň 14-nji sentýabryna çenli adaty daşary ýurt pasportlaryna eýe bolan rus raýatlary üçin synag maksatly wizasyz düzgüni girizmek barada karary kabul edipdi. Karara laýyklykda, rus raýatlary täjirçilik maksatly, syýahatçylyk, garyndaşlary we dost-ýarlary bilen görüşmek, üstaşyr geçmek üçin Hytaýa wizasyz baryp bilerler. Olaryň Hytaýda wizasyz galmak möhleti 30 günden geçmeli däl.