31.1 C
Ashgabat
Bu bölümde siz online synaglary çözüp bilimiňizi kämilleşdirip bilersiňiz.

Özüňi syna

1 Bir zadym bar daşa ursaň döwülmez, suwa ursaň döwüler
2 Dagda diňňildär, Suwda siňňildär.
3 Agyl doly akja guzy, ertir tursaň ýokja guzy
4 Orakdan egri, Okdan dogry.
5 Hatar-hatar obalar, Ak sakgally babalar.
6 Boýy bir garyş, Sakgaly iki garyş
7 Asty hem dag, Üsti hem dag, Arasynda – sary ýag.
8 Ýere urdum paltany, Agzy gyzyl haltany, Ýerden bir oglan çykdy, Uly iliň soltany.
9 Saýrap saýranok, Uçup uçanok,Näme üçin ol guş,menä bilemok
10 Togsan gat dony bar, Togalak gelen boýy bar.
11 Togalakdyr, Hoz däldir, Owadandyr, Gyz däldir, Açylanda ak gardyr.
12 Bir alaja ýüpüm bar nirä uzatsam ýetýär.
13 Pel üstünde peşli ahun.
14 Zigir-zigir aýagy bar, Segsen demir taýagy bar.
15 Sary gyzym ýer astynda, Saçbagysy ýer üstünde.
16 Sakgaly bar, murty ýok.
17 Özi semiz, Boýy ýok. Derisi galyň, Tüýi ýok.
18 Bir guş tutdum, jany ýok, Başyn kesseň, gany ýok, Içinde üç ýumurtga, Jüýjesiniň sany ýok.
19 Ýaganda sany bolmaz, Gün çyksa, jany bolmaz.
20 Uzyn sakgally özi, Mydam ekinde gözi.
Testi Barla
© Zaman Türkmenistan | Ähli hukuklary goralandyr.