Deňagramly iýmitlenmek ýokary hilli ukyny üpjün edýär. Bilermenler käbir iýmiti ýatmazdan ozal iýmegi maslahat berýärler. Käte dynç alynýan pursadynda hem ýatmak höwesiňiz artyp biler, bu, esasan, sarp edilen iýmitiň görnüşi bilen düşündirilýär. Adama beden öýjükleriniň dikelmegi we güýç toplamagy üçin kadaly uky gerek. Eýsem, rahat uklamak üçin haýsy iýmitler zerurka?!
Balyk. Balygyň düzümindäki mikroelementler serotonini kadalaşdyrmaga kömek edýär. Bu, esasan, balykda saklanýan Omega-3 we D witamini bilen bagly bolup, nerwi öýjükleriniň rahatlygyny üpjün edýär.
Ülje. Bu miwe beýnini rahatlandyryp, bedende öndürilýän melatoniniň uky garmonyny ýokarlandyrýar. Bilermenler gowy uklamak üçin ülje iýmegi ýa-da ülje şiresini içmegi maslahat berýärler. Üljäniň düzüminde adama rahatlyk berýän ýokumly maddalar saklanýar.
Hoz. Beýnä meňzeş bu miwe melatoniniň bölünip çykma tizligine kömek edýän Omega-3 ýag kislotasyna baýdyr. Şol sebäpli ýatmazdan ozal 20-30 gram töweregi hoz iýmek maslahat berilýär.
Süle. Aminokislotaly triptofanyň (belogyň bir görnüşi) ösümlik çeşmesi hasaplanýan süle kadaly uky üçin iň gowy iýmitdir. Agşamlyk naharynda süle ýarmasyny iýmek melatonin we serotonin garmonlarynyň işine oňaýly täsir edýär.
Süýt önümleri. D, C, B6, B12 witaminlerine baý bolan süýdüň düzümindäki kalsiý we magniý rahat uklamaga ýardam edýär. Bilermenler her gün süýt önümleriniň bolmanda haýsy hem bolsa bir görnüşini iýmegi maslahat berýärler. Ýatmazdan ozal süýt içmek rahat uky bilen bir hatarda, aşgazan-içege ulgamy üçin hem peýdalydyr.