Hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek ugrunda giň tagallalar edilýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly «Türkmenhowaýollary» agentligi üçin raýat awiasiýasy we halkara hyzmatdaşlygy babatynda uly üstünliklere beslendi. Ýolagçylaryň Jidda, Milan, Bangkok, Hoşimin we Kuala-Lumpur ýaly meşhur syýahatçylyk ugurlaryna bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagy ugrunda bu ugurlara gatnawlar amala aşyryldy. Halkara gatnawlarda «Türkmenistan» awiakompaniýasy» AGPJ tarapyndan uçarlara ornaşdyrylan multimediýa dynç alyş ulgamy möhüm täzelikleriň biri boldy. Indi ýolagçylar uzak aralyga uçuşlarda dürli filmleri, sesli kitaplary we sazlary diňläp, lezzet alyp bilýärler. Bu hyzmat ýolagçylara tölegsiz hödürlenýär we ulanmak has aňsatdyr.
Ýakynda bolsa, Türkmenistanyň Howa kodeksiniň 71-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri meýilleşdirmek we amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy.
Maksatnamada Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň awiasiýa howpsuzlygy boýunça kadalaryna, tejribelerine we iş amallaryna laýyklykda, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň uçuşlaryň howpsuzlygyny, yzygiderliligini, netijeliligini ýokary derejede üpjün etmek üçin hukuk hem-de guramaçylyk çäreleri göz öňünde tutulýar.
Aziza HYDYROWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.