UEFA Çempionlar Ligasynda “Real Madrid” topary “Benfikany” myhmançylykda ilkinji, umumylykda-da 2-nji gezek ýeňmegi başardy. Pleý-off tapgyrynyň 1-nji oýnunda Lissabonda “Benfikanyň” myhmany bolan “Real Madrid” 1-0 hasabynda ýeňiş bilen dolandy. Çekeleşikli we dartgynly geçen oýundaky ýeke-täk goly 50-nji minutda Winisius Junior owadan urgy bilen derwezä girizdi. Duşuşyk braziliýaly futbolçynyň golundan soň Winisius Junioryň “benfikaly” futbolçylar, şol sanda janköýerler bilen arasyndaky wakalar sebäpli 10 minut töweregi saklandy. Duşuşygyň dowamynda “Benfika” toparynyň tälimçisi Žoze Mourinio gyzyl kart aldy. Netijede, iň kiçi hasap bilen ýeňiş gazanan “Real Madrid” topary 1/8 finala çykmak üçin artykmaçlyga eýe boldy. Iki topar liga tapgyryň iň soňky oýunlarynyň çäginde duşuşypdy we şonda “Benfika” 4-2 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Toparlar şu gezekk oýundan öň 4 gezek gabatlaşypdylar we şolaryň 3-sinde “Benfika” (5-3, 5-1, 4-2) ýeňipdi. “Real Madrid” bolsa ýeke-täk ýeňşini 1964/65 möwsüminde çärýek finalyň jogap oýnunda 2-1 hasabynda ýeňipdi.
Germaniýanyň Dortmund şäherinde oýnalan “Borussiýa” bilen “Atalantanyň” arasyndaky duşuşykda ýer eýeleri 2-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Gollaryň 2-si hem 1-nji ýarymda derwezä girizilip, olary 3-nji minutda Serhu Girassi bilen 42-nji minutda Maksimillian Baýer öz atlaryna ýazdyrdylar.
PDF









