UEFA Çempionlar Ligasynda 1/8 finalyň jogap duşuşyklarynyň 4-si geçirilip, 2 iňlis topary üçin ýaryş tamamlandy. Bir hepde ozal Madridde jogapsyz 3 gol geçirden “Mançester Siti” öz meýdançasynda-da “Realdan” 2-1 hasabynda asgyn geldi. Angliýadaky oýnuň 20-nji minutynda “Mançester Sitiniň” portugaliýaly oýunçysy Bernardo Silwa derwezäniň sütüniniň düýbünde topa tirsegi bilen galtaşany üçin gyzyl kart aldy. Eminiň bellän 11 metrlik jerime urgusyny bolsa Winisius Junior dürs urup, madridlileri öňe saýlady. Bu gola iňlis kluby 41-nji minutda Erling Holannyň takyk urgusy bilen jogap berse-de, Winisius Junior 90+3-nji minutda ýene bir ýola tapawutlanyp, oýna soňky nokady goldy. “Real Madrid” soňky 5 möwsümde “Mançester Sitini” 4-nji gezek ýaryşdan çykardy.