Möwsümi kuboksyz tamamlan “Real Madridiň” tälimçisi resmi ýagdaýda mälim edildi. Ispan kluby italiýaly Karlo Ançelottiniň ornuna Habi Alonsonyň tälimçilige bellenendigini habar berdi. Madridliler 43 ýaşyndaky Habi Alonso bilen 3 ýyllyk, ýagny 2028-nji ýylyň tomsuna çenli ylalaşyk gazandy.
2018-nji ýylda “Real Madridiň” ýaşlar düzümini türgenleşdiren Habi Alonso 2019-2022-nji ýyllar aralygynda “Real Sosiedad B” toparyna tälim berdi. 2022-nji ýylyň oktýabrynda “Baýeriň” tälimçisi bolan Alonso 2023/24 möwsüminde lewerkuzenlilere taryhynda ilkinji gezek çempionlyk gazandyrdy. “Baýeri” ýeňlişsiz çempion eden Alonso bu klubda 140 oýunda 88 ýeňiş gazandy, 33 gezek deňme-deň netije görkezdi (19 ýeňliş).
Alonso futbolçylygy döwründe “Real Sosiedad”, “Eibar”, “Liwerpul”, “Real Madrid” hem-de “Bawariýa” klublarynyň köýnekçesini geýdi. Ol tälimçilik etjek täze klubunda 5 möwsüm çykyş edip, “La Liganyň” hem-de Çempionlar Ligasynyň çempionlygyny gazandy.