ABŞ-da geçirilýän FIFA Klublar Dünýä Kubogy ýaryşynda çärýek finalçylaryň ählisi hem belli boldy. Tapgyryň iň öňe saýlanýan duşuşygynda “Real Madrid” topary Maýami şäherinde “Ýuwentusy” 1-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Esasanam 2-nji ýarymda ispan toparyň artykmaçlygy duýlup, madridlileriň ýeke-täk goluny 54-nji minutda Trent Aleksander-Arnoldyň pasyndan soň Gonzalo Garsiýa geçirdi. Bu onuň şu ýaryşdaky 4-nji duşuşygynda 3-nji goludyr. Duşuşygyň galan minutlarynda-da really futbolçylar erjel oýun görkezse-de, hasap üýtgemedi.
Beýleki duşuşykda bolsa Dortmundyň “Borussiýa” topary Atlantada Meksikanyň “Monterreý” toparyndan 2-1 hasabynda üstün çykdy. Nemes kluby 1-nji ýarymda Seru Girassiniň 14-nji hem-de 24-nji minutlarda geçiren gollary bilen 2-0 hasabynda öňe saýlandy. 2-nji ýarymyň başynda, 48-nji minutda Berterameniň goly meksikanlar üçin ýeňşe ýetmedi. Şeýlelikde, “Borussiýa Dortmund” iň soňky çärýek finalçy boldy.
“Borussiýa Dortmund” topary çärýek finalda “Real Madrid” bilen duşuşar.