“Deloitte” pul ligasynyň habar bermegine “Real Madrid” girdeji gazanmakda taryhy rekord goýdy. Futbolyň taryhynda ilkinji gezek bir klubuň bir möwsümde gazanan girdeji 1 milliard ýewrodan köp boldy. Ispan kluby gecen möwsümi 1,04 milliard ýewro girdeji bilen tamamlady. “Real Madridiň” girdejisiniň 248 million ýewrosy duşuşyklarynyň petekleriniň satuwyna degişlidir. “Santiago Bernabeu” stadionynyň durkunyň düýpli abatlanmagyndan soň petek satuwlarynyň 103 göterim ýokarlanandygy habarda bellenilýär. Ispan topary teleýaýlymlardan 316 million, hemaýatkärlerden bolsa 482 million ýewro girdeji gazandy. “Real Madrid” bu sanawda bassyr 2-nji gezek 1-nji orny eýeleýär.

Sanawda 837,8 million ýewro bilen “Mançester Siti” 2-nji, 805,9 million ýewro girdeji gazanan PSŽ 3-nji ýere mynasyp boldy. “Mançester Sitiniň” teleýaýlymlardan gazanan 343,1 million ýewro bilen bu ugurda “Real Madridden” hem öňe saýlandy.

Umumy sanawda “Mançester Ýunaýted 4-nji (770, 6 mln. ýewro), “Bawariýa” 5-nji (765,4), “Barselona” 6-njy (760,3) bolup sanawa goşuldy. Ilkinji onlugy bolsa iňlis klublary – “Arsenal” (716,5), “Liwerpul” (714,7), “Tottenham” (615) hem-de “Çelsi” (545,5) klublary jemleýär.

Girdeji gazanmakda “Borussiýa Dortmundyň” 11-nji bolan sanawynda “Atletiko Madrid” 12-nji, “Milan” 13-nji, “Inter” 14-nji, “Nýukasl 15-nji orunda geçen möwsümi tamamlady.