Ispaniýanyň Şa Kubogy ýaryşynda çärýek finala çykan toparlaryň ählisi hem belli boldy. Tapgyryň öňe saýlanýan duşuşygynda “Real Madrid” öz meýdançasynda “Selta” bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda “Real Madrid” 1-nji ýarymyň ahyrlarynda Mbappeniň (37), 2-nji ýarymyň başynda-da Winisiusyň (48) gollary bilen 2-0 hasabynda öňe saýlandy. Ýöne ruhdan düşmedik “Selta” duşuşygyň soňky 10 minutynda hasaby deňlemegi başardy. 83-nji minutda Bamba aratapawudy 1 gola düşüren bolsa, 90+1-nji minutda Markos Alonso penaltini dürs urup, hasaby deňledi. Goşmaça wagtda “Real” has erjel oýun görkezdi. Esasanam oýna soň giren 2 ýaş futbolçynyň tagallasy madridlilere ýeňiş getirdi. 108-nji minutda Arda Güleriň pasynda topy derwezä gönükdiren Endrik “Realy öňe saýlady. 112-nji minutda Walwerdeniň batly urgusyny myhman toparyň derwezeçisine saklamak başartmady. 119-njy minutda ýene-de Arda Güleriň pasyndan soň Endrik tapawutlanyp, oýna soňky nokady goýdy. Şunlukda, “Real Madrid” goşmaça wagtda “Seltany” 5-2 hasabynda ýeňip, çärýek finala adyny ýazdyrdy.