Ispaniýaly Asier Ilýarramendi karýerasyny Gonkongyň “Kitçi” toparynda dowam eder. 35 ýaşyndaky ýarymgoragçy gonkonglylar bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşdy. Mälim bolşy ýaly, “Kitçi” toparynda türkmenistanly ýyldyz oýunçy Ruslan Mingazow çykyş edýär. Ol 2022-nji ýylyň martyndan bäri bu toparda oýnap gelýär.

Ilýarramendi soňky 2 möwsümi ABŞ-nyň “FK Dallas” toparynda geçiripdi. Karýerasynyň agramly bölegini “Real Sosieddad” geçiren Ilýarramendi san sebastianlylaryň düzüminde 2009-2013-nji ýyllarda, soňra 2015-2023-nji ýyllarda oýnady. Ol 2 möwsüm, has takygy, 2013-2015-nji ýyllarda “Real Madridde” hem 90 duşuşykda meýdança çykdy. Ilýarramendi klublarda 478 oýunda 23 gol geçirdi. Ol Ispaniýanyň milli ýygyndysynda-da 3 oýunda meýdança çykyp, 1 gezek tapawutlandy.