Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň braziliýaly ýyldyzy Rodrigo üçin diňe bir möwsüm däl, eýsem, 2026-njy ýyl hem tamamlandy. “Realyň” öz meýdançasynda “Hetafeden” utulan duşuşygynda şikes alyp oýundan çykan 25 ýaşyndaky ýyldyz ýylyň ahyryna çenli ýaşyl meýdançalara dolanmaz. Sag dyzynda meniske uly zeper ýeten oýunçynyň 10 aýa çenli toparyna peýdasy degmez. Dünýä Kubogyny hem goýberjek ýyldyz oýunçy şol güni durmuşyndaky iň agyr gün bolandygyny belläp, özüni gollaýan hemmelere köp sagbolsun aýtdy. Braziliýaly oýunçy sagalyp, tiz futbola dolanmak üçin elinden geleni hem gaýgyrmajakdygyny beýan etdi.
Rodrigo 2019-njy ýylyň tomsunda “Realyň” düzümine goşulypdy. Şu möwsümde 19 oýunda 1 gol geçirip, 4 asist eden Rodrigo şu wagta çenli madridlileriň düzüminde 297 duşuşykda 71 gezek tapawutlandy.
PDF









