Bir döwürleriň meşhur “Rembo” (Rambo) filmleriniň hataryna ýene biri goşular. Täze filmde Jon Rembonyň ýaşlygy barada söhbet açylar. Filme Jalmari Helander režissýorlyk edip, ol “Sisu” kinosy bilen adygypdy. Filmde baş keşbi, ýagny Rembonyň keşbini Noa Sentineo janlandyrar. 2026-njy ýylyň başlarynda Tailandda surata düşürilip başlanjak kinonyň ssenarisini Rori Haýnes bilen Sohrab Noşirwani bilelikde ýazar. Filmiň paýlaýjysy hökmünde ozalky “Rembo” filmleriniň paýlaýjysy “Lionsgate” kompaniýasynyň ady agzalýar.

Dewid Morrelliň adybir eseri esasynda “Rembo” filmleriniň 5-si surata düşürildi. Baş keşbinde Silwestr Stalloneniň surata düşen filmleriniň ilkinjisi 1982-nji ýylda “Ilkinji gan” (First Blood), 1985-nji ýylda 2-njisi “Rembo: ilkinji gan 2” (Rambo: First Blood II), 1988-nji ýylda 3-njisi “Rembo 3” (Rambo III), 2008-nji ýylda 4-njisi “Rembo” (Rambo) hem-de 2019-njy ýylda “Rembo: soňky gan” (Rambo: Last Blood) atlary bilen ekranlara çykypdy. Şol 5 film üçin 198 million dollar çykdajy edilip, ol 820 million dollara golaý kassa ýygymyny toplapdy.