Niderlandlaryň Zýutfen şäheriniň ýaşaýjysy Şarlotta Maýer atasyndan dünýä belli Rembrandt wan Reýniň 35 sany grawýura eserinden ybarat bolan kolleksiýany miras aldy. Ol bu işleriň awtorynyň kimdigi barada hatda uzak wagtlap güman hem etmändir.
“Bu diňe arzuw edip boljak örän owadan taryh. Ozal haşamlanyp çekilen eserler bilen hiç kim gyzyklanmandy. Olar üýtgeşik bir zat hasaplanmandyr. Atam birnäçe guldena 35 sany dürli işi satyn alypdyr” diýip, portal Maýeriň sözlerini getirýär. Onuň aýtmagyna görä, atasy aradan çykandan soň, grawýuraly bukja ýyllar boýy üns berilmezden ýatypdyr, sebäbi ol bu işlere ýöne bir “owadan suratlar” hökmünde garapdyr. Diňe göçýän wagty ol bukjanyň içindäkileri gözden geçirmegi ýüregine düwüpdir we bu işleriň uly gymmatynyň bolmagy mümkindigi barada pikir ýöredipdir.Maýeriň tassyklamagyna görä, kolleksiýa baha bermek üçin gelen Amsterdamyň “Rembrandtyň öýi” muzeýiniň hünärmenleri gören zatlaryna “haýran galypdyrlar”.
Maýeriň atasy Rembrandtyň grawýura eserlerini XX asyryň başynda, takmynan, 1900-1920-nji ýyllarda, şeýle eserleriň hususy kolleksionerler we sungat muşdaklary tarapyndan ýygy-ýygydan satyn alynýan döwürlerinde ýygnapdyr. Şondan bäri mirasçy bu ýygyndyny has-da giňeltdi we häzirki wagtda ol Rembrandtyň hem-de onuň döwürdeşleriniň 70-e golaý ofortyny özünde jemleýär. Maýeriň kolleksiýasy ilkinji gezek Zýutfeniň şäher muzeýinde köpçülige hödürlener, sergi 21-nji martdan 14-nji iýuna çenli dowam eder.
PDF









