BMW kompaniýasy dünýäde ilkinji bolup reňkini üýtgedip bolýan awtoulagyny tanyşdyrdy. Las Wegasda geçirilýän “CES 2022” sergisinde köpçülige görkezilen “BMW iX Flow” atly model häzirlikçe diňe ak-gara reňkli bolup bilýär. Şeýle hem ony ak-gara reňkli nagyşly hem edip bolýar. Geljekde ulagyň reňkiniň sanyny artmagyna  garaşylýar. Nemes kompaniýasy ulagyň daşky reňkini taýýarlamak üçin elektron kitaplardaky syýa tehnologiýasyny işläp taýýarlaýan “E Ink” şereketi bilen hyzmatdaşlyk edipdir. Ulagyň daşynda ýogynlygy saçyň taryna barabar bolan millionlarça mikro kapsula bar. Bu kapsulalaryň her birinde otrisatel zarýadly ak pigmentler we položitel zarýadly gara pigmentler bar. Bu pigmentleriň elektrik energiýasy arkaly üýtgedilmegi bilen ulagyň reňki üýtgeýär.

BMW-niň wekilleri bu tehnologiýanyň ulagyň energiýa sarp edişini hem azaldýandygyny belleýär. Ulagy sowuk howada has köp ýylylyk almak üçin gara, yssy howada onuň tersini etmek üçin ak reňke öwrüp bolýar. Şeýlelikde ulagyň içini ýylatmak we sowatmak üçin az energiýa zerurlyk duýulýar. Häzirki wagtda telefon applikasiýasy tarapyndan dolandyrylýan bu ulgamyň geljekde ulagyň içinde goýuljak döwme arkaly sazlanyp bilinjekdigi bellenilýär.