8-nji maýda Watikandaky Sikstin kapellasynyň turbasyndan ak tüsse goýberilip, täze Papanyň saýlanandygy habar berildi. Kardinallaryň konklawy maslahatyň ikinji gününde, ses berişligiň dördünji tapgyrynda amerikaly kardinal Robert Frensis Prewony Rim-katolik buthanasynyň täze başlygy wezipesine saýladylar. Bu barada kardinal Domenik Mamberti Keramatly Pýotr soborynyň eýwanyndan mälim etdi. Kardinal meşhur latyn aňlatmasy bolan “Habemus papam” (Bizde papa bar) diýen sözlemi ulandy. Täze Rim pontifigi şol birwagtda Keramatly tagtyň hem-de döwlet-şäher Watikanyň ýolbaşçysy boldy.
Keramaly Pýotr tagtyna geçen ilkinji amerikaly Robert Frensis Prewo 267-nji Papa bolup, Lew XIV adyna eýe boldy. Konklaw 7-nji maýda başlanyp, 133 kardinal täze Papany saýlamak maksady bilen Sikstin kapellasyna jemlendi. Ozalky Rim Papasy Fransisk 21-nji aprelde uzaga çeken keselden soňra 88 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Ol 2013-nji ýylda saglygy sebäpli tagtdan ýüz öwren Benedikt XVI-nyň ýerine geçipdi.