Bö­lek söw­da bi­len meş­gul­lan­ýan «Ama­zon» kom­pa­ni­ýa­sy müş­de­ri­le­ri­niň sal­gy­sy­na ha­ryt­la­ry el­tip ber­mek hyz­ma­ty­ny ýe­ri­ne ýe­tir­ýär. Şeý­le bo­lan­soň, kom­pa­ni­ýa­nyň köp ýer­de am­mar­la­ry bar. Bu am­mar­lar­da ha­ryt­la­ry saý­hal­la­mak, ýer­leş­dir­mek, gap­la­mak we müş­de­rä iber­mä­ge taý­ýar­la­mak iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Bu iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin kom­pa­ni­ýa­nyň am­mar­la­ryn­da 1 mil­li­on­dan gow­rak ro­bot iş­le­dil­ýär. Olar agyr ýük­le­ri da­şa­ýar­lar, tek­je­ler­dä­ki ha­ryt­la­ry dü­şür­ýär­ler, gap­la­ýar­lar. Mag­lu­ma­ta gö­rä, hä­zir­ki wagt­da glo­bal de­re­je­de müş­de­ri­le­re ýe­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň dört­den üçü­nde ro­bo­tyň go­şan­dy bol­ýar. Kom­pa­ni­ýa­nyň bi­ler­men­le­ri ro­bot­la­ryň şol bir gaý­ta­lan­ýan iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­rip, iş­gär­le­re uly ýe­ňil­lik dö­re­den­di­gi­ni bel­le­ýär. Ro­bot­lar­dan peý­da­la­ny­lyp baş­la­nan­dan soň­ra, ola­ra gö­zeg­çi­lik ed­ýän, saz­la­ýan we be­jer­ýän tä­ze iş orun­la­ry peý­da bo­lup­dyr. Ne­ti­je­de, am­mar­lar has ön­jeý­li iş­läp baş­lap­dyr.
Her bir am­mar­da iş­le­ýän iş­gä­riň sa­ny bol­sa aza­lyp­dyr. Hä­zir­ki wagt­da her am­mar­da or­ta­ça 670 adam zäh­met çek­ýär. Şeý­le-de bol­sa, her bir iş­gä­riň gap­la­ýan önü­mi soň­ky 10 ýyl­da 175-den 3 müň 870-e çy­kyp­dyr. Bu ar­tyş­da ro­bot­la­ryň we aw­to­mat­laş­dy­ry­lan teh­no­lo­gi­ýa­nyň tä­si­ri ulu­dyr.
Kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy En­di Jes­si eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň ös­me­gi bi­len adam­la­ryň ed­ýän işi­ni ro­bot­la­ryň ýe­ri­ne ýe­tir­jek­di­gi­ni, şol se­bäp­li gel­jek­de ofis iş­gär­le­ri­niň hem sa­ny­nyň azal­jak­dy­gy­ny, em­ma tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­jek­di­gi­ni bel­le­ýär.
«Ama­zon Ro­bo­tics»-iň in­že­ner­le­ri bol­sa, ro­bot­la­ryň ses­li buý­ruk­la­ra dü­şü­nip, tab­şy­ry­lan ýum­şy ýe­ri­ne ýe­tir­mek­le­ri­ni ga­zan­ma­gyň ala­da­sy­ny ed­ýär­ler. Ýa­kyn gel­jek­de, kom­pa­ni­ýa­da ula­nyl­ýan ro­bot­la­ryň sa­ny­nyň iş­gär­le­ri­niň sa­nyn­dan öňe geç­jek­di­gi bel­le­nil­ýär.