Kuw­wat­ly ulag­la­ry ön­dür­ýän “Rolls-Royce” kom­pa­ni­ýa­sy do­lu­ly­gy­na wo­do­rod ýan­gy­jy bi­len iş­le­ýän he­re­ket­len­di­ri­ji­si­ni sy­nag­dan ge­çir­di. “Po­wer Sys­tems” iş bö­lü­mi ta­ra­pyn­dan ge­çi­ri­len sy­nag­lar ön­dü­ri­ji­lik, zy­ňyn­dy we ýan­mak taý­dan go­wy ne­ti­je gör­kez­di. Bu sy­nag müş­de­ri­le­riň has dur­nuk­ly ener­gi­ýa üp­jün­çi­li­gi­ne bo­lan is­le­gi­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak üçin wo­do­rod çöz­güt­le­ri­niň tä­jir­çi­lik taý­dan or­naş­dy­ryl­ma­gy üçin ýe­ne bir mö­hüm ädim­dir. 100 wo­do­rod­da iş­le­ýän he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri­niň il­kin­ji nus­ga­sy­nyň Ger­ma­ni­ýa­nyň Du­is­burg por­tun­da­ky “ener­Port II” ma­ýa­gyn­da or­naş­dyr­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly kom­pa­ni­ýa di­ňe aw­tou­lag­la­ry däl, uçar he­re­ket­len­di­ri­ji­le­ri­ni we se­na­gat kär­ha­na­la­ry üçn hem ma­şyn­la­ry ön­dür­ýär. Bu port­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­ler­de ho­wa­nyň bi­ta­rap­ly­gy­ny ga­zan­mak üçin tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ada­ty ýan­gyç bi­len iş­le­ýän mo­tor­la­ryn­da wo­do­rod ýan­gy­jy­ny ulan­mak üçin ony bir­ne­me üýt­get­me­li bol­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da ýan­gy­jyň has aras­sa gör­nü­şi hök­mün­de elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len bir ha­tar­da wo­do­rod we ösüm­lik­den alyn­ýan bio­ýan­gyç hem iş­le­nip taý­ýar­lan­ýar.

Döw­let­gel­di Güý­jow, Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.