UEFA Milletler Ligasynyň ýarym finalynda Germaniýa bilen Portugaliýanyň ýygyndylary duşuşdy. Germaniýanyň Münhen şäherindäki “Allianz Arena” stadionynda oýnalan oýnuň 1-nji ýarymynda nemesler azda-kände erjellik görkezselerem toparlar arakesmä golsuz çykdylar. 2-nji ýaryma ýer eýeleri gol bilen başlady. Oýnuň 48-nji minutynda Germaniýa Florian Wirtsiň goly bilen öňe saýlandy. Portugallar bu gola 15 minutdan soň jogap berdi. Oýna soň goşulan Fransişku Konseýsau 63-nji minutda owadan gol bilen hasaby deňledi. 5 minutdan soňam Kristiano Ronaldo tapawutlandy. Bu duşuşykdaky soňky gol boldy.
Şunlukda, Portugaliýanyň ýygyndysy Germaniýany 25 ýyldan soň ilkinji gezek ýeňlişe sezewar etdi. Soňky gezek EURO 2000-de Portugaliýa bu duşuşykda gol geçiren Fransişku Konseýsaunyň kakasy Seržio Konseýsaunyň het-trigi bilen 3-0 hasabynda ýeňipdi. Portugaliýa şondan soňky 25 ýylda geçiren 5 duşuşygynda-da utulypdy. Şeýle-de, Portugaliýanyň ýygyndysy 40 ýyldan soň Germaniýanyň myhmançylykda ýeňmegi başardy.
UEFA Milletler Ligasynyň finalyna çykan Portugaliýanyň 2-nji goluny geçiren 40 ýaşyndaky super ýyldyz Kristiano Ronaldonyň milli topardaky gollarynyň sany 137-ä, umumy gollarynyň sany-da 937-ä ýetdi.
Portugaliýanyň finaldaky garşydaşy şu gijeki Ispaniýa bilen Fransiýanyň arasyndaky duşuşykdan soň belli bolar. Final duşuşygy 8-nji iýunda “Allianz Arena”-da oýnalar.
Foto: uefa.com saýtyndan alyndy.