Ronaldo we Jina Rodriges ekiz bäbege garaşýarlar

411

Mançester Ýunaýtediň super ýyldyzy Kristiano Ronaldo we söýgülisi Jina Rodriges ekiz bäbege garaşýarlar. Bu barada Ronaldo öz instgram sahypasynda habar berdi. Portugaliýaly futbolçynyň häzirki wagtda 4 çagasy bar. Ronaldonyň iň kiçi gyzynyň ejesi Jina Rodriges bolup, Alana Martina 2017-nji ýylyň 12-nji noýabrynda dünýä inipdi. Ronaldonyň ozal hem ekiz çagasy bolup, olar surrogat eneden doglupdy.