Ronaldonyň 650-nji goly we “Ýuwentusyň” taryhy ýeňşi

116

UEFA Çempionlar ligasynda “G” toparçada köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan duşuşygy oýnaldy. “Barselona” öz meýdançasynda “Ýuwentusy” kabul etdi. Çekeleşikli geçen oýunda italýan topary güýçli garşydaşyny 3-0 hasabynda ýeňip, toparçada 1-nji ýeri eýeledi. Italýan kluby öz meýdançasynda 2-0 utulypdy. Katalonlaryň derwezesinden gollaryň 2-sini 13-nji we 52-nji minutlarda penaltiden Kristiano Ronaldo, beýlekisini-de 20-nji minutda ýaş futbolçy Weston MakKenni owadan urgy bilen geçirdi. “Ýuwentus” topary “Kamp Nouda” “Barselonanyň” derwezesinden 3 gol geçiren ilkinji italýan kluby boldy.

Şeýlelikde, Ronaldo “Kamp Nouda” oýnan soňky 13 duşuşygynda 14 gol geçirdi. Şeýle-de 35 ýaşyndaky super ýyldyz klublardaky karýerasynda 650-nji goluny geçirdi. Geçen hepdäniň dowamynda tutuş karýerasyndaky 750-nji goluny geçiren Ronaldo “Sportingde” 5, “Ýuwentusda” 77, “Mançester Ýunaýtedde” 118, “Real Madridde” bolsa, 450 goly derwezä girizdi.